“Marvel”-iň kinematografik dünýäsiniň (MCU) täze gahrymanlary kem-kemden peýda bolup başlady. Dördünji döwrüň ilkinji kinosy “Gara dul” (Black Widow) maý aýynda ekranlara çykypdy. Ýeri gelende aýtsak, MKD-niň ýene iki filmini – “Eternals” hem-de “Spider-Man: No Way Home” kinolary şu ýylyň dowamynda ekranlara çykmagyna garaşylýar. Ikinji filmi “Şan-Çi we on ýüzügiň rowaýaty” kinosynyň ilkinji görkezilişi awgust aýynyň ortalaryna Los Anjelesde bolupdy. Film şu günden, ýagny 3-nji sentýabrdan Demirgazyk Amerikadan başlap, tutuş dünýäde görkezilip ugrar. “Gysga möhlet 12” (Short Term 12), “Aýna gala” (The Glass Castle), “Diňe günäsini geç” (Just Mercy) ýaly filmler bilen adygan Dastin Daniel Krettonyň režissýorlyk eden kinosynda Golliwudyň esasan hem asly Ýakyn Gündogar Aziýadan bolan – Simu Liu, Awkwafina, Mener Çžan, Fala Çen, Florian Muntýanu, Benedikt Wong, Mişel Ýeo, Toni Lýun ýaly  artistler surata düşdi. Awstraliýa we ABŞ-da ekranlaşdyrylan filmiň ssenarisini režissýoryň özi, şol sanda Deýw Kallaham, Andrýuw Lenem bilelikde ýazdylar. Filmdäki wakalar “Ar alyjylar: oýnuň soňy” (The Avengers: Endgame, 2019) filminden soň bolup geçýär. Şan-Çi “On ýüzük” gizlin guramasyna aralaşýar. Ol bu ýerde geçmişdäki wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

“Şan-Çi we on ýüzügiň rowaýaty” (Shang-Chi and the Legend of the Ten Rings)

Režissýory: Destin Daniel Kretton

Ssenariçileri: Deýw Kallaham, Destin Daniel Kretton, Andrýuw Lenem (“Marvel Comics”-iň komiksleri esasynda)

Prodýuser: Kewin Faýgi, Jonatan Şwartz

Keşplerde: Simu Liu, Awkwafina, Mener Çžan, Fala Çen, Florian Muntýanu, Benedikt Wong, Mişel Ýeo, Toni Lýun

Kompozitory: Joel P. West

Öndüriji: “Marvel Studios”

Paýlaýjy: “Walt Disney Studios Motion Pictures”

Görnüşi: “superhero”, fantastik, uruşly

Dowamlylygy: 132 minut

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe