3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi.
Bu taslama Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.
Dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurdumyza gelen ýapon wekiliýeti, daşary ýurtly işewürler gatnaşdylar.
Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylda Lebap welaýatynda dabaraly açylýan täze elektrik stansiýasy hem ýapon hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde guruldy. “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bu iri energetika desgasynyň gurluşyk-gurnama işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda girişdi.
Elektrik stansiýasy Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasynyň gazturbina enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň taryhynda bu kompaniýanyň tehnologiýalary ilkinji gezek ulanylýar. Bu ýerde her biriniň kuwwatlylygy 144 megawat bolan gazturbinalaryň üçüsi oturdyldy. Energobloklardan başga-da zerur bolan kömekçi desgalar guruldy. Desganyň kömekçi potratçylyk işlerini energetika desgalarynyň gurluşygynda uly tejribesi bolan “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret Anonim Şirketi” kompaniýasy ýerine ýetirdi.
Täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artar, öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň bolar. Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artar, täze iş orunlary dörediler. Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan “Sumitomo” korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň “Innowasion täze tehnologiýalar” güwänamasy we Germaniýanyň “Max Planck” institutynyň “Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin” güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.