Russiýanyň “Demirgazyk akymy – 2” suwasty gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy we 200858 belgili iň soňky turba kebşirlenensoň, Baltika deňziniň aşagy bilen Germaniýaň kenarlaryna ýetdi. Indi ol Daniýadan we Germaniýadan gelýän bölümlere birikdiriler.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow turbageçirijiniň ýene-de birnäçe günden işe giriziljekdigini aýtdy.
Şu günler Ýewropa bazaryndaky gazyň bahasy iň ýokary derejä ýetdi we müň kub metr üçin 650 dollardan geçdi.
Akymyň her biri 1234 kilometrlik iki ugurdan ybarat bolup, olar ýylda 55 milliard kub metr gaz ugratmak üçin niýetlenendir. Gurluşyk 2018-nji ýylda başlandy.