8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Edermen babadaýhanlar pagta ýygymyna köpçülikleýin girişdiler. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na bes­le­nen şu ýyl­da ýur­du­myz­da «ak al­ty­nyň» bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Hä­zir oba zäh­met­keş­le­ri­niň baş we­zi­pe­si ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly öz wag­tyn­da we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak­dan yba­rat­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 3-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, pag­ta­çy­la­ra we äh­li daý­han­la­ra ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne çek­ýän yh­las­ly zäh­me­tin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Ýaz pas­lyn­da 620 müň gek­ta­ra go­wa­ça­nyň or­ta sü­ýüm­li «Ýo­lö­ten-7», «Ýo­lö­ten-39», «Da­şo­guz-120», «Da­şo­guz-114», «Jeý­hun», «149 F», «Gu­ba­dag-3», «C-2606» hem-de in­çe sü­ýüm­li «Ýo­lö­ten-14» gör­nüş­le­ri ekil­di. Bu eki­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge hu­su­sy oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler hem gat­naş­ýar­lar. Olar oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­syn­dan ýer bö­lek­le­ri­ni al­dy­lar.
Şu ýyl ýur­du­myz bo­ýun­ça «ak al­ty­nyň» 1 mil­li­on 250 müň ton­na­sy­ny ýyg­na­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şo­nuň 280 müň ton­na­sy Ahal we­la­ýa­tyn­da, 10 müň ton­na­sy Bal­kan we­la­ýa­tyn­da, 275 müň ton­na­sy Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da, 320 müň ton­na­sy Le­bap we­la­ýa­tyn­da, 365 müň ton­na­sy bol­sa Ma­ry we­la­ýa­tyn­da taý­ýar­la­ny­lar.
Ýy­gym möw­sü­min­de «John Dee­re 9970» ky­sym­ly pag­ta ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň 1 mü­ňü­si, pag­ta da­şa­mak üçin ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň 2 müň 227-si, trak­tor­la­ryň 2 müň 301-si we trak­tor tir­keg­le­ri­niň 3 müň 620-si ula­ny­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ýer­ler­de pag­ta ýy­gy­my­nyň bök­denç­siz al­nyp ba­ryl­ma­gy üçin teh­ni­ka­la­ra gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da teh­ni­ki-hyz­mat ediş iş­le­ri gu­ral­dy, me­ha­ni­za­tor­la­ryň, sü­rü­ji­le­riň hem-de us­sat ýy­gym­çy­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi we göw­ne­jaý dynç al­ma­gy üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.
Pag­ta­ny ma­şyn bi­len ýyg­ma­ga gi­ri­şil­mez­den öň, go­wa­ça­nyň ýap­ra­gy­ny dü­şür­mek üçin de­fo­liant ze­rur muk­dar­da sa­tyn alyn­dy. He­mi­şe bol­şy ýa­ly, bu iş­de di­ňe bir ýö­ri­te­leş­di­ri­len trak­tor­lar däl, eý­sem, ýö­ri­te uçar­lar hem ula­ny­lar.