Ýurdumyzyň çar künjeginde, hususan-da ýokary okuw mekdeplerinde hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren okuw sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan hoşallyk maslahatlary geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, işjeň raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine bagyş etmelidirler diýip bellemek bilen, türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim ýüküni artdyryp, öz ýurdunyň we döwletiniň pajarlap ösmegi ugrunda tagalla etmelidigini belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimiň ösmegine elmydama uly üns berlendigini, munuň üçin tagalla we serişde gaýgyrylmandygyny aýratyn belläp, irki döwürlerde Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Fahreddin Razy, Abu Bekir Muhammet as-Suly, Abdyrahman Hazyny, Omar Haýýam ýaly beýik alymlar we akyldarlar dörän topraklarda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag – ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn diýip bellemek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär.
– Siz mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, baglaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşaň! – diýip, döwlet Baştutanymyz talyp ýaşlara okamagy, gurmagy, döretmegi, eziz Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady, merdana halkymyzy ajaýyp şygyrlar, kyssalar, sazlar, sungat eserleri bilen belentden wasp etmegi arzuw etdi. Bu arzuwlar medeniýet we sungat bilen ýakyndan bagry badaşan talyp ýaşlaryň ýüreginde täze sena bolup ýaňlandy.
Ýurdumyzda ylma, sanly tehnologiýalary özleşdirmäge yzygiderli üns berilýär. Bu barada nygtamak bilen milli Liderimiz öz çykyşynda şeýle belledi – Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr. Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler. Dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyz innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydyr, täze tehnologiýalary döretmelidir. Dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galmaly däldir. Siz täze ylmy işleriňiz, düýpli açyşlaryňyz bilen özüňizi öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalysyňyz! Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar baradaky yzygiderli amala aşyrýan işleriniň netijesinde, häzirki döwürde bilim-ylym ulgamynyň işini dünýäde öňdebaryjy tejribelere laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýdyň ýollar açyldy. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralaryň döwrebap ulgamy kemala getirildi.
Döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň talyp ýaşlarymyza we mekdep okuwçylaryna beren öwüt-ündewleri geljekki ýaşlarymyzyň durmuşynda täze ýol-ýörelgeler bolup hyzmat eder.
Batyr AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň kafedra müdiri.