Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi, halkymyzyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Bu çäreler ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde, ilatyň saglygyny goramaga, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ýol hereketiniň düzgünleriniň saklanmagy, şeýle-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagy, ozaly bilen, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny kämil berjaý etmegine gönüden-göni bagly bolup durýar. Pyýadalaryň bellenen düzgünlere dogry eýermezligi, pyýadalar üçin niýetlenmedik ýerlerden geçilmegi ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Awtoulaglaryň bellenen tizlikden ýokary sürülmegi, ýol hereketiniň kadalarynyň dürs berjaý edilmezligi hem ýol-ulag hadysalarynyň döremegine alyp barýan ýaramaz ýagdaýlardyr.
Bu gün berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel Diýarymyzyň aýna ýaly ýollary döwrebap durmuşy has-da gözelleşdirýär. Gara ýollarymyz dünýä derejesine laýyk getirilip hem-de barha giňeldilip, sany barha artýan awtoulaglara edilýän hyzmat ýokarlandyrylýar. Islendik zadyň edebiniň bolşy ýaly, ýollaryň hem öz tertip-düzgüni, ýerine ýetirilmeli hökmany kadalary bolýar. Bu, ilkinji nobatda, adamyň öz howpsuzlygy üçin wajyp bolup durýar. Gadymy Oguz türkmenleriniň guran kerwen ýollary bu gün gara ýola, demir ýola, howa ýollarynyň uçursyz menzillerine öwrüldi. Ol ýollarda hereket edýän ulaglar bolsa siwilizasiýanyň çäksiz belentliklerini alamatlandyrýar. Sagdyn durmuşyň rowaçlanýan ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Şolaryň arasynda kanunlar, düzgünnamalar we gaýry kanunçylyk resminamalary saldamly işlerdir.
Şoňa görä, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bu ugurda çynlakaý işler alnyp barylýar. Şu günler Diýarymyzyň dürli künjeklerinde biraýlyga bagyşlanyp, dürli çäreler, maslahatlar, umumybilim berýän mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda dürli bäsleşikler geçirilýär. Şeýle hem ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň şahsy jogapkärçiligini düşündirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler guralýar.
Halkymyzyň saglygy hakynda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, bu ugurda alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Berdimyrat Durdyýew,
Tejen ŞEPB-niň PÝGB-niň wagyz-
nesihat işleri boýunça gözegçisi,
polisiýanyň kapitany.