Fransiýanyň ozalky Şa zenany Mariýa-Antuanetta degişli bolan iki sany göwher bilezik «Christie’s» auksion öýi tarapyndan satuwa çykarylar. 9-njy noýabrda Ženewada geçiriljek auksionda bu harytlaryň 2-4 million dollar aralygynda satylmagyna garaşylýar. Hünärmenler bileziklerdäki göwherleriň jemi 140-150 karat aralygyndadygyny çaklaýarlar. Bilezikleriň her birinde üç hatarda jemi 112 göwher daşy bar. Auksion öýüniň ýokary derejeli wekili Fransua Kuriel soňky ýyllarda asylzadalaryň maşgalasyna degişli şaý-sepleriň gymmatynyň artýandygyny aýtdy.
2018-nji ýylda fransuz şazadasyna degişli bolan tebigy dürden we göwherden ýasalan kolýe «Sotheby’s» auksion öýi tarapyndan 36 million dollara satyldy. Bilermenler bolsa onuň 1-2 million dollar aralygynda satyljakdygyny çaklaýardylar.
«Christie’s» auksion öýüniň hünärmenleri Mariýa-Antuanettanyň 1776-njy ýylda tagta çykandygyny we iki ýyldan soňra bu gymmatly bilezikleri Çarlz Ogust Bomer atly zergäre sargyt edendigini belleýärler.