Nor­we­gi­ýa­nyň pen­si­ýa gaz­na­sy daş­ky gur­şa­wyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy­ny mak­sat edi­nip, goz­gal­ma­ýan em­läk pu­da­gy­na ma­ýa go­ýar. Öz ug­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň iň uly fon­dy ha­sap­lan­ýan Nor­we­gi­ýa­nyň pen­si­ýa gaz­na­sy 2015-nji ýyl­da gol çe­ki­len Pa­riž şert­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan mak­sat­la­ra ýet­mek üçin 30 mil­liard dol­lar goý­be­rer. «Nor­ges Bank» ban­ky­nyň ma­ýa go­ýum­lar bo­ýun­ça mü­di­ri Mýe Hols­tad gaz­na­nyň daş­ky gur­şaw, so­si­al we do­lan­dy­ryş ýa­ly ugur­lar­da şow­ly sy­ýa­sa­ty­nyň bar­dy­gy­ny aý­dyp, daş­ky gur­şaw tö­wek­gel­çi­lik­le­ri­ne taý­ýar­dyk­la­ry­ny bel­le­di.
Gaz­na şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da 9,4 gö­te­rim gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji 110 mil­liard dol­la­ra ga­bat gel­ýär.
Mer­ke­zi eda­ra­sy Os­lo­da ýer­leş­ýän gaz­na paý­na­ma­la­ra go­ýan ma­ýa­syn­dan 14 gö­te­rim gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Goz­gal­ma­ýan em­läk ma­ýa­syn­dan 4,6 gö­te­rim gir­de­ji alyp­dyr.
Gaz­na­nyň 1,3 tril­li­on dol­lar pu­ly bar. Gaz­na­nyň ýol­baş­çy­sy Ni­ko­laý Tan­gen iň köp gir­de­ji­ni ener­gi­ýa, ma­li­ýe, sag­ly­gy go­ra­ýyş we teh­no­lo­gi­ýa pu­dak­la­ryn­dan al­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di.
Gaz­na 1990-njy ýyl­da ne­bi­tiň üýt­ge­ýän ba­ha­sy sebäpli yk­dy­sa­dy­ýet­de dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­mak mak­sa­dy bi­len esas­lan­dy­ry­lyp, hä­zir­ki wagt­da döw­le­tiň sarp ed­ýän ha­ra­jat­la­ry­nyň bäş­den bi­ri­ni üp­jün ed­ýär.

Ke­rim Mu­ham­me­dow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.