Dünýäniň öňdebaryjy ýarymgeçiriji öndürijisi bolan «Intel» Ýewropa ýurtlaryndaky önümçilik kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýär. Kompaniýa geljek 10 ýylyň dowamynda 80 milliard ýewro maýa goýum özleşdirer. Taslamanyň çäklerinde iki sany zawod gurlar. Şeýle hem Irlandiýadaky zawodynda häzirki wagtda awtoulag önümçiliginde ýüze çykan çip ýetmezçiligi meselesini çözmäge gönükdirilen işleri durmuşa geçirer. «Intel» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pat Gelsinger Ýewropada durmuşa geçiriljek maýa goýum taslamalarynyň dünýäde çip önümçiliginde hem-de tehnologiýa babatda öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik döretjekdigini aýtdy. Gelsinger häzirki wagtda awtoulaglaryň tigirleriniň hem kompýutere öwrülendigini belledi.
Ozal diňe elektron enjamlarda ulanylýan çipler häzirki wagtda mobil enjamlaryň ähli görnüşlerinde, öý hojalyk tehnikalarynda, aragatnaşyk enjamlarynda we awtoulag senagatynda giňden peýdalanylýar. Şol sebäpli ýarymgeçirjileriň dürli görnüşleri döredilip, olara bolan isleg günsaýyn ýokarlanýar.