Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda iň bir gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Bir tarapdan merdana gallaçylar täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutýan bolsa, beýleki tarapdan edermen pagtaçylar ösdürip ýetişdirilen «ak altyny» ýitgisiz ýygnap almak üçin doly taýýarlyk görüldi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmak, eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Şonuň netijesinde, her ýyl ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri gallanyň hem-de pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler.
Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, ata-babalarymyz: «Biriň müň bolsun!» diýen ýagşy niýet bilen topraga bugdaý sepipdirler. Bugdaý oragyna hem gojalaryň ak pata bermegi esasynda sähetli gün girişipdirler. «Çäjiňe bereket!», «Harmanyňa bereket!» diýip, rysgal-bereket arzuw edipdirler. Çörek – gudratly önüm. Halkymyz bugdaýy ekinleriň soltany saýyp, çöregi hormatlap, maňlaýyna sylmagy, onuň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy, tamdyry mukaddes görmegi adata öwrüpdir.
Şonuň üçin galla önümçiligi biziň ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Gallany öndürmek babatda ýurdumyzda döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.
Ata Watanymyzyň milli baýlyklarynyň biri hem pagtadyr. Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagynda belläp geçişi ýaly, gowaça biziň üçin örän ähmiýetli ekinleriň biridir. Eziz Watanymyz dünýäde gowaçanyň iň gadymy mekanlarynyň biri hökmünde tanalýar. Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eserinde pagta päkligiň, akýürekliligiň, gowulygyň alamaty hökmünde ähli ekinlerden ýokarda goýulýar.
Türkmen pagtaçylarynyň we gallaçylarynyň gazanýan üstünlikleri milli Liderimiziň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere yzygiderli goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy barlaglaryň ösdürilmegine köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary gurulýar.
Aknur AKLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.