2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgamlaýyn esasda ynsanperwerlik hemaýatyny berýär. Hususan-da, goňşy ýurtda durmuş maksatly taslamalary durmuşa geçirilýär – mekdepler, hassahanalar we metjitler gurulýar. Şeýle-de Türkmenistan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary görnüşinde Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini ýollaýar.