Düýn (13-nji sentýabr) Tennis boýunça möwsümiň 4-nji “Uly tuwulga” ýaryşy “Amerika Açykda” zenanlaryň arasynda Beýik britaniýaly Emma Radukanu çempion boldy. 18 ýaşyndaky tennisçi bäsdeşi, kanadaly 19 ýaşly Leýla Fernandesi 6:4 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Mundan 24 sagat geçenden soňra ýaş çempionyň “Instagram” hasabyndaky yzarlaýjylarynyň sany 500 müňden gowrak artyp, 1,2 milliondan geçdi. Bilermenler ýaş türgeniň milliard dollarlyk gymmaty bolan brend bolup biljekdigini belleýär.

Ejesi hytaýly, kakasy rumyniýaly bolan  Radukanu 2002-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Kanadada dünýä inýär. Ol “Instagram” sahypasynda ýaşaýan ýeri London, doglan ýeri Toronto, kakasynyň doglan ýeri Buharest we ejesiniň doglan ýeri Şenýang barada maglumatlar goýýar. Brend boýunça bilermenler türgeniň diňe Angliýada ýa-da ABŞ-da däl, eýsem, dünýä belli brend bolup biljekdigini belleýärler.

CHS marketing agentliginiň ýolbaşçysy Kris Soutgeýt Radukanunyň “Vogue” žurnalynyň noýabr aýyndaky sany üçin surata düşmäge taýýarlanýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Radukanunyň hem “Wimbledon”-da”, hem-de “Amerika Açyk”-da görkezen ajaýyp netijesi, mundan soňky meşhur tennisçi bolmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle hem türgen iňlis sporty üçin hem nusgalyk model bolar.

Ähli meşhur şahsyýetler, şol sanda ýurduň Şa zenany hem-de hökümet başlygy Radukanuny ýeňşi bilen gutladylar.