Dünýäniň iň gadymy kino festiwaly bolan Wenesiýa film şüweleňi tamamlandy. 10 günläp dowam eden 78-nji Wenesiýa film festiwalynda baş baýraga – “Altyn ýolbars” baýragyna fransiýaly zenan režissýor Odri Diwanyň “Hadysalar” (L’evenement) filmi laýyk görüldi. Italiýaly režissýor Paolo Sorrentinonyň “Taňrynyň eli” (E stata la mano di Dio) atly kinosy-da eminleriň “Gran Pri” baýragy bilen sylaglandy. “Kümüş ýolbars” baýragy “Itiň güýji” (The Power of the Dog) atly filmi üçin meşhur zenan režissýor Jeýn Kampiona gowşuryldy. Ispaniýaly belli aktrisa Penelope Kruz “Ugurdaş ejeler” (Madres paralelas) filmindäki keşbi üçin iň gowy aktrisa ugry boýunça Wolpi kubogyna mynasyp görüldi. Şol sanda “Iş üstünde – 2” (On the Job: The Missing 8) filmindäki keşbi üçinem Jon Arçilla iň gowy aktýor ugry boýunça Wolpi kubogy gowşuryldy. Iň gowy ssenariý baýragyny “Ýitirim bolan gyz” (The Lost Daughter) filminiň režissýory hem ssenariçisi Meggi Jillenhol eýelemegi başardy. Koreýaly režissýor, Oskar baýragynyň eýesi Bon Çžon-hunyň ýolbaşçylyk eden eminler toparynyň ýörite baýragyna “Köwek” (“Il buco”)  filmi üçin italiýaly režissýor Miçelanjelo Frammartino laýyk görüldi. Marçelo Mastroýanniniň adyndaky baýrak bolsa, “Taňrynyň eli” (E stata la mano di Dio) filminiň ýaşajyk ýyldyzy Filippo Skotta berildi.