15-nji sentýabrda paýtagtymyzda döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabady häzirki zaman derejesinde ösdürmegiň esasynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylan bu taslama ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.
Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän döwrebap seýilgähiň hem-de Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen ajaýyp paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbiniň owadan desgalarynyň hatary artdy.
Täze, döwrebap seýilgähiň eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolup, onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina edildi. Bu ýerde suw çüwdürimlerinden başga-da, suw howdanlary, bassyrmalar, dynç alar ýaly ýerler gurnaldy, yşyklandyryş sütünleri dikildi. Uzynlygy 320 metre we ini 310 metre deň bolan döwrebap seýilgähde ekilen baglar, dürli güller hem-de döredilen gök otly ýerler suw çüwdürimleri bilen umumy sazlaşygy emele getirip, bu ýeriň howasynyň tämiz bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi tebigy gözelligiň ajaýyp öwüşginleri bilen utgaşyp, seýilgäh zolagynyň görküne görk goşýar.
Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda täze seýilgäh toplumlaryny hem-de ýaşyl zolaklary döretmek boýunça görülýän çäreler adamlaryň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologik gurşawy döretmäge gönükdirilendir.
Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap uzalyp gidýän täze seýilgäh zolagynda onuň bezeg aýratynlyklaryna, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine, şäherlileriň boş wagtlaryny göwnejaý geçirmekleri üçin seýilgähiň iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülmegi ugrundaky işlere milli Liderimiziň talap edişi ýaly çemeleşildi.
Şunuň esasynda döwrebap bezeg serişdeleri we tehnologiýalary ulanylyp, olar milli binagärlik aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyryldy.
Dabara gatnaşyjylar döwrebap seýilgäh bilen tanyşlygy tamamlap, A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň ýanyna bardylar. Ýerasty geçelgeleriň ýer böleginiň umumy meýdany 6 müň 270 inedördül metre barabardyr. Jemi 4 sany ýerasty geçelgede dükanlaryň ençemesi ýerleşdirildi. Şeýle hem duralgalar guruldy.
Taslamalar ýerine ýetirilende hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribeleri utgaşdyryldy. Olaryň bezelişinde peýdalanylan serişdeler hil aýratynlygy bilen tapawutlanyp, milli öwüşginler bilen ünsüňi özüne çekýär.
Ýol-ulag ulgamyna degişli bu desgalar pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň abadançylygyny, rahatlygyny gazanmagyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär.
Dabara gatnaşyjylar ýerasty geçelgeleriň içi bilen geçip, şol ýerlerde döredilen amatlyklar bilen tanyşdylar hem-de dükanlara syn etdiler. Ýerasty geçelgeleri bezemekde ulanylan milli nagyşlar, göl hem-de dürli surat şekilleri, owadan bezeg daşlary we mermerler, şeýle hem yşyklandyryjylar bu desgalara ajaýyp öwüşgin çaýyp, kalbyňda çäksiz ruhubelentlik döredýär. Munuň özi ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän günlerinde ýakymly duýgulary bagyşlaýar.
Döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň gijeki görnüşleriniň aýratyn özüne çekijidigini bellemek gerek. Bu bolsa adamlaryň ruhuny galkyndyryp, beýik Garaşsyzlyk toýumyzyň ýakynlaşyp gelýän günlerinde ildeşlerimiziň guwanjyny goşalandyrýar.