«Travel & Leisure» atly dünýä belli syýahatçylyk žurnaly dynç almak üçin iň gowy ýerleriň sanawyny taýýarlady. Jemi 25 ýer okyjylaryň gatnaşmagynda geçirilýän pikir soraşmanyň netijesinde mälim edildi. Pikir soraşma gatnaşanlar medeni miras, tebigy täsinlikler, desgalar we restoranlar ýaly artykmaçlyklara görä baha berdiler. «Dünýäniň iň gowulary» ady bilen geçirilýän pikir soraşma gatnaşanlardan ol ýerlerde başdan geçiren wakalary, iň gowy şäherleriň haýsydygy, adalar, ýolagçy gämileri, şypahanalar, howa gatnawlary ýaly syýahatçylary gyzyklandyrýan ugurlardaky pikirlerini hem aýtmagy soraldy.
Sanawda Meksika beýlekilerden öňe saýlandy. Birinjilik bilen bir hatarda üç sany Meksika şäheri ilkinji onluga girdi. Günorta Aziýa ýurtlaryndan hem dört ýurtdan (Laos, Hindistan, Indoneziýa we Tailand) belli şäherler ilkinji onlukda özüne orun tapypdyr. Birinji orny Meksikanyň San-Migel-de-Allýende şäheri eýeläpdir. Şäher ispan binagärlik äheňinde gurlan taryhy binalary bilen myhmanlary özüne çekýär. Gatnaşyjylar şäheriň pyýada gezelenç etmek üçin hem amatly ýollarynyň bardygyny bellediler. Şäher restoranlary we muzeýleri bilen hem köpleri özüne çekýär.
Ikinji orny Hindistanyň Piçola kölüniň kenaryndaky Udaýpur şäheri eýeläpdir. Mundan ozalky sanawda bu şäher 7-nji orny eýeläpdi. Žurnalyň okyjylary bu şäheriň Hindistanyň iň owadan şäheridigini belleýärler. Sanawa Hindistanyň Gülgüne şäher ady bilen meşhurlyk gazanan Jaýpur şäheri hem (17-nji orun) girizilipdir.
Üçünji ýeri Türkiýäniň deňiz kenaryndaky gadymy şäheri Stambul eýeläpdir. Irki döwürlerden bäri dürli medeniýetleriň çatrygynda ýerleşýän şäher köpleri özüne bendi edýär. Bu ýurtdan sanawa ýene bir şäher girizilipdir. Kenarýakada ýerleşýän belli syýahatçylyk şäheri bolan Bodrum 16-njy bolupdyr.
Dördünji ýeri Ubud (Indoneziýa), bäşinji ýeri Kioto (Ýaponiýa) şäherleri eýeläpdir. Ýaponiýanyň paýtagty Tokio 19-njy bolupdyr.
Ýewropa ýurtlaryndan Polşanyň Krokow (12-nji), Ispaniýanyň San-Sebastýan (15-nji) şäherleri hem sanawdan özüne orun tapypdyr. Şeýle hem Italiýanyň Florensiýa (6-njy), Rim (14-nji) hem-de Triýest (21-nji) şäherleri sanawa girmegi başarypdyr.
Meksikanyň paýtagty Mehiko hem-de Oahaka şäherleri 7-nji we 8-nji orunlary alypdyr.
Tailandyň Çiangmaý we Bangkok şäherleri degişlilikde ilkinji onlugy tamamlapdyrlar.
Sanawdaky ýeke-täk amerikan şäheri bolan Çarlston (Günorta Karolina ştaty) 18-nji bolupdyr. Ýeri gelende bellesek, bu şäher eýýäm 9-njy gezek bu sanawa girdi. Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäheri 20-nji, Gwatemalanyň Antigua-Guatemala şäheri 24-nji bolupdyr.
22-nji ýeri Lýublýana (Sloweniýa), 23-nji ýeri Seul (Koreýa Respublikasy) hem-de 25-nji ýeri Porto (Portugaliýa) eýeläpdir.