«Tesla» kompaniýasy awtoulaglar üçin niýetlenen lazer arassalaýjysyna patent aldy. Bu barada ABŞ-nyň patent we söwda belligi edarasy mälim etdi. Işläp düzüjiler enjamy «impuls-lazer arkaly galyndylary arassalamak ulgamy» diýip atlandyrdylar. Ulagyň daşky ýüzünde oturdylyp, özbaşdak işleýän ulgam hapalanma ýüze çykan halatynda hapany göni ýakýan şöhläni ugrukdyrýar. Kompaniýanyň inženerleriniň pikiriçe, diodlar şeýle bir güýçli welin, olardan çykýan şöhleler islendik hapany ýok edýär.