Futbolyň şasy, braziliýaly Pele täzeden reanimasiýa alyndy. Bu barada Reuters habarlar gullugy ESPN Brazil-e esaslanyp habar berýär. 80 ýaşyndaky rowaýaty futbolçy Sao Paulodaky keselhana täzeden getirildi. Ýagdaýynyň ganymatdygy habarda bellenilýär. ESPN-iň habaryna görä, Peläniň kislota refleksi sebäpli keselhana getirilipdir. Pele geçen hepdede keselhana getirilipdi we içege bilen baglanyşykly operasiýa bolupdy. Şu hepdäniň sişenbe güni-de keselhanadan çykan Pele şol pursatda: “90 minutdan hem futbol oýnap biljek ýagdaýda” diýip, beýanat beripdi.