20-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.
Permana laýyklykda, iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy Garaşsyz, berkarar Watanymyzyň şanly baýramy mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredilýär diýip, belledi. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.