21-nji sentýabrda paýtagtymyzda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň Sergi merkezinde geçirilýän sergä Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary, hususy we döwlet edaralary, sosial pudagyň müdirlikleri çagyrylypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigi nygtalýar.
Sergide ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty we mümkinçilikleri “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky Polimer zawodynyň giň gerimli diwarlyklary arkaly görkezilýär.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işi özara berk baglanyşyklydyr. Himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda halk hojalygynyň isleglerini üpjün etmek üçin mineral dökünleriň, nebitden öndürilýän önümleriň dürli görnüşleriniň, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini görkezmek bolar. Pudagyň ägirt uly eksport kuwwaty kaliý dökünleriniň (kaliý hloridi we kaliý sulfaty), garyşyk dökünleriň, tehniki uglerodyň, etil spirtiniň çykarylyşynda aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda ýerli tebigy-mineral serişdelerden kaustik we kalsinirlenen sodanyň, hloruň, duz kislotasynyň, natriý sulfatynyň we ýerli tebigy-mineral serişdelerden öndürilýän beýleki himiýa önümleriniň önümçiligi boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylýar.
Ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtoulag, demir ýol we howa menzillerine çykmak arkaly, howa we ýerüsti ýollary birleşdirýän gatnawlaryň ulgamy üstünlikli döredilýär. Bular “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň sergi bölümlerinde aýdyňlyk bilen beýan edilýär.
Gözden geçirilişe logistik ugurly kompaniýalar hem gatnaşýarlar. Olaryň bu ulgamdaky işleri giň gerimli halkara taslamalary amala aşyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sergä gatnaşyjylaryň köpüsi täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, uly göwrümli ýükleri daşamakda öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Sergide
Obasenagat toplumynyň we söwda ulgamynyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň diwarlyklary sergide aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem Dokma senagaty ministrligi eksport ugurly önümlerini hödürleýär. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň diwarlyklarynda döwrebap haly önümlerini hem-de hususy ulgamyň we senetçileriň özboluşly önümlerini — milli lybaslary, şaý-sepleri, keşdeleri, taryhy ýerler, ýurdumyzyň nyşanlary, paýtagtymyzyň ajaýyplyklary şekillendirilen sowgatlyk önümleri görmek bolýar.
Ýurdumyzyň telekeçilik pudagy sergide öz işiniň dürli ugurlaryny görkezýär. Ýurdumyzyň gurluşyk düzümleriniň hatarynda “Ussat Inžener”, “Ak Bulut”, “Derýaplastik”, “Ugurly ýol”, “Berk menzil gurluşyk”, “Senagat plastik” ýaly kärhanalar we beýlekiler bar.
“Aýbölek” we “Çigildem” kärhanalarynyň owadan mebellerini, “Hasaryň” süýji-köke önümlerini, “Täze Aýyň” süýt we peýnir önümlerini, “Akdaş miwe içgileri” kärhanasynyň miwe içgilerini, et önümlerini görkezmek bolar.
Sergide IT-tehnologiýalary, önümçiligi ýaňy-ýakynda ýola goýlan elektron enjamlar, azyk önümleriniň dürli görnüşleri we beýleki harytlar görkezilýär.
Iki günlük sergi tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlara degişli diplomlar we güwänamalar gowşurylar.