Jo Baýden ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynda Ak tamyň başlygy hökmünde çykyş etdi. Baýden pandemiýa, howanyň üýtgemegi, kiberhowpsuzlyk, täze tehnologiýalar, demokratiýa, Owganystandaky ýagdaýlar ýaly köp sanly meselä ünsi çekdi.
Baýden öz çykyşynda XX asyryň hakykatynyň, her kimiň üstünliginiň başgalaryň üstünligine baglydygyny aýtdy. -Halkynyň abadançylygy üçin her bir ýurt beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga tagalla etmelidir. Meniň pikirimçe, howpsuzlygymyz, gülläp ösmegimiz, erkinligimiz hiç haçan beýle baglanyşykly däldi. Şonuň üçin bu gün öňkülerdenem has ýakyndan bilelikde işlemeli – diýip Jo Baýden belledi.
Jo Baýden ABŞ-nyň halkara arenasyndaky beýleki ýurtlar bilen bäsleşmek, gymmatlyklaryny goramak, ýaranlaryny we dostlaryny goramak isleýändigini aýtdy. Şeýle-de Jo Baýden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň islendik ýurt bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
Owganystan meselelerine degip geçen Jo Baýden:
– Dünýädäki adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin täze ýollar bilen ösüşe maýa goýmak niýetimiz bar – diýdi. Ol öz çykyşynda ABŞ-nyň özüni, hyzmatdaşlaryny we bähbitlerini goramaga taýýardygyny aýtdy.
Koronawirusa garşy göreş barada durup geçen Baýden ABŞ-nyň eýýäm bu ugra 15 milliard dollar sarp edendigini belledi.
Baýden howanyň üýtgemeginiň katastrofiki ýagdaýy barada belläp, bu global howpuň diňe bilelikde çözülip bilinjekdigini tassyklady. Baýdeniň pikiriçe, Birleşen Ştatlar diňe bir Pariž klimat şertnamasyna gaýdyp gelmän, eýsem, 2030-njy ýyla çenli ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny 2005-nji ýyldakydan 50-52 göterim azaltmagy niýet edinýär.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň administrasiýasy howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça global çäreleri maliýeleşdirmekdäki goşandyny iki esse artdyrmak isleýär we bu teklibi Kongrese hödürlemekçi.