Boks boýunça agyr agramyň iki ussady angliýaly Entoni Joşua bilen ukrainaly Aleksandr Usik WBA (Super), IBF, WBO hem-de IBO guramalarynyň çempionlyk guşaklary ugrunda özara duşuşyk geçirdi. Londondaky “Tottenham Hotspur” stadionynda geçirilen tutluşykda 12 raundyň netijesinde üç emindenem ýokary utuk almagy başaran Usik ýeňşini baýram etdi (117:112, 116:112, 115:113). Şeýlelikde, 34 ýaşyndaky Usik 19-njy duşuşygynda 19-njy ýeňşini gazandy. Ol 5 uly professional guramanyň 4-siniň – WBA (Super), IBF, WBO hem-de IBO-nyň çempionlyk guşaklaryny Joşuadan almagy başardy. Agyr agramda WBC-niň çempionlyk guşagyna başga bir angliýaly boksçy Taýson Fýuri eýelik edýär. Şeýle-de Usik watandaşlary Witaliý we Wladimir Kliçkolardan soň agyr agramda çempionlyk gazanan 3-nji ukrain boksçusy boldy.

31 ýaşyndaky Joşua bolsa 25-nji duşuşygynda 2-nji gezek asgyn geldi.