27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkeziniň sahnasynda sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bu ýere Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary ýygnandylar. Olaryň arasynda hormatly ýaşulular, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar bar. Şeýle hem bu ýerde baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýlekiler bar.
“Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz!” diýen watançylyk aýdymy ajaýyp baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, beýik döredijilik ruhuny şöhratlandyrdy.
Konsertiň watançylyk mazmunly başlangyjy “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň “Ýurt asuda, toýlar tutýas Arkadagly Watanda!” diýen kompozisiýa bilen dowam etdi. Bu çykyş bilen bilelikde Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň tapgyrlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Şol ösüş tapgyrlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ýaş türkmenistanlylaryň — “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň we çagalar tans toparlarynyň “Garaşsyzlyk gülleri” diýen aýdym-sazly, tansly çykyşy baýramçylyk dabarasyny bezedi. Bu çykyş aýratyn bellärliklidir, çünki bu gün Türkmenistan «Bagtyýar çagalygyň ýurdy» diýlip atlandyrylýar, bu ýerde ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli öwüşgine baý, çagalaryň döredijiliginiň tüýs ýürekden şatlyga beslenen çykyşy halkymyzyň abadançylygynyň nyşanyna öwrüldi.
Esasy mazmuny 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryny özünde jemleýän bu konsert türkmen sungatynyň baý mümkinçiligini beýan edýän döredijilik görnüşleriniň hem-de ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.
“Dehistan” folklor toparynyň tansçylarynyň çykyşy baýramçylyk konsertine ajaýyp öwüşginleri çaýdy. Olar döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygynyň nyşany bolan gadymy küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.
Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Şanly Garaşsyzlyk, eziz Arkadag!” diýen aýdym dabaranyň jemleýji bölegine öwrüldi. Bu aýdym hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljege okgunly barýan kuwwatly Watanymyzyň şu günki bagtyýar döwrüne halkymyzyň buýsanjynyň beýikdigini aýdyňlyk bilen görkezdi.