27-nji sentýabrda agşam hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygynyň hormatyna dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde — Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada konsert bilen dowam etdi.

Bu ýerde, ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň merkezi meýdançalarynda bolşy ýaly, ählihalk baýramy gününde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Şol aýdymlarda türkmen döwletiniň mukaddes nyşanlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri wasp edildi.

Belli sazandalaryň, halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetiriji meşhur aýdymçylaryň çykyşlary Garaşsyz Watanymyzyň häzirki gazanýan üstünlikleriniň giň gerimini aýdyň beýan etdi.

Hemmeleriň “Arzuw” diýen aýdymy ýerine ýetirmegi bilen, baýramçylyk konserti jemlendi. Joşgunly aýdym Watanymyzyň deňsiz-taýsyz üstünliklerine bolan buýsanç baradaky mazmuna baý boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli dabaralar howada dürli şekilleri we ýazgylary emele getirýän uçýan enjamlaryň şüweleňi hem-de täze taryhy eýýamyň baýramçylyklarynyň aýrylmaz nyşanyna öwrülen owadan feýerwerkler bilen tamamlandy. Ol köpdürli owadan yşyklary bilen ak mermerli Aşgabadyň gijeki asmanyny ýagtylandyrdy.

Lazer şüweleňi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyga türkmenistanlylar üçin ýakymly sowgat boldy. Sanly tehnologiýalar arkaly döredilýän dürli öwüşginli görnüşler paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalaryny, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewiniň hem-de alabaýyň keşplerini şekillendirdi. Bularyň ählisi tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Lazer şüweleňi bilen bitewi sazlaşygy emele getiren baýramçylyk mazmunly ýazgylar, feýerwerkiň nurana öwüşginleri häzirki wakalaryň dabaralylygyny hem-de ajaýyplygyny ýüze çykardy.