Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri hem-de ösüş­le­ri mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­myz kuw­wat­ly we aba­dan döw­let hök­mün­de dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da ber­ki­dip, dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na çyk­dy. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz bu gün hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da bat­ly ga­dam­lar bi­len öňe bar­ýar.
«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edi­len 2021-nji ýy­lyň sent­ýabr aýy iri jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy wa­ka­la­ra baý bol­dy. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy giň­den toý­lan­dy. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň öňü­sy­ra­syn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, döw­let­li­li­giň ge­ňe­şi­ne öw­rül­di. Äh­li­halk mas­la­ha­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň eden mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şy bol­sa Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýe­ti­len be­ýik sep­git­le­re gu­wan­jy­ňy art­dyr­ýar, öňü­miz­de tä­ze we­zi­pe­le­ri goý­ýar. Bu Mas­la­ha­tyň Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gi bol­sa pe­der­le­ri­miz­den gel­ýän asyl­ly dä­biň – to­ýa uly bir ge­ňeş bi­len baş­la­mak dä­bi­niň my­na­syp do­wa­ma­ty­na öw­rül­di.
Halk Mas­la­ha­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň eden mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ryn­da­ky ösüş­le­ri­mi­ziň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy. Hu­su­san-da, döw­rüň ýag­daý­la­ry­na esas­la­nyp ge­ti­ri­len my­sal­lar we ola­ryň oňyn çöz­gü­di bu ta­ry­hy çy­ky­şy diň­län­le­riň her bi­ri­niň ýü­re­gin­de orun tap­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­ta­ý­şy ýa­ly, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da «Türk­me­nis­tan­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adam­dyr» diý­lip be­ýan edil­ýär. Ada­my go­ra­mak, gol­da­mak we oňa hyz­mat et­mek döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň baş we­zi­pe­le­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ryň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ola­ra gol­daw ber­mek we hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­me­li­di­ris. Bu iş­le­ri ka­nun­çy­lyk esa­syn­da ber­kit­me­li­di­ris. Şo­ňa gö­rä-de, köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra ýe­ňil­lik­le­ri ber­me­gi göz öňün­de tut­ýan ila­tyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy ha­kyn­da­ky ka­nun­çy­ly­ga de­giş­li üýt­get­me­le­ri gi­riz­mek ze­rur bo­lup dur­ýar» di­ýip bel­le­me­gi «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen yn­san­per­wer şy­ga­ry­my­zyň aý­dyň da­ba­ra­lan­ma­sy bol­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti bar­ha kuw­wat­lan­ýar. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­ry­hy çy­ky­şyn­da ge­ti­ren my­sal­la­ry hem aý­dyň su­but­na­ma bo­lup dur­ýar. Mil­li Liderimi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýy­ly­nyň için­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne goý­lan iri ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 200 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem geç­di. Bu se­riş­de­le­riň 60 gö­te­rim­den hem kö­pü­si se­na­gat pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň pa­ýy onuň umu­my möç­be­ri­niň 15 gö­te­ri­mi­ne go­laý­la­ýar. «Adam ma­ýa­sy­na», ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­na hem köp se­riş­de­ler goý­be­ril­di. Hä­zir­ki dö­wür­de Dur­nuk­laş­dy­ryş gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Türk­me­nis­ta­nyň ma­li­ýe taý­dan dur­nuk­ly ösü­şi sak­lan­ýar.
Ta­ry­hy çy­kyş­dan ýe­ne bir bö­le­ge ün­sü­ňi­zi çek­mek is­le­ýä­ris. Hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy ba­ra­da­ky ala­da bi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 43 mil­liard 800 mil­li­on ma­nat gö­nük­di­ril­di we öz­leş­di­ril­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da 91 has­sa­ha­na, 153 sag­lyk öýi we mer­ke­zi, 85 me­de­ni­ýet öýi, 370 sa­ny mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­sy, 529 or­ta mek­dep, 117 sport mek­de­bi, 86 sa­ny sport des­ga­sy, 7 müň ki­lo­met­re go­laý aw­to­mo­bil ýol­la­ry gu­rul­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, umu­my meý­da­ny 42 mil­li­on ine­dör­dül met­re go­laý ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di, köp san­ly beý­le­ki dur­muş mak­sat­ly tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy. Bu aý­dy­lan­lar ýur­du­myz­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Şu ýy­lyň 8 aýy­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi içer­ki önü­miň möç­be­ri 6,2 gö­te­rim art­dy. Bi­ziň ýur­du­my­za Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň syn­çy­sy­nyň de­re­je­si­niň be­ril­me­gi söw­da­ny we te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek­de mö­hüm ädim bol­dy. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek, goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, äh­li pu­dak­la­ryň üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. «Fitch Ra­tings» hal­ka­ra agent­li­gi bi­ziň ýur­du­my­za «B+dur­nuk­ly» de­re­jä­ni ber­di. Şeý­le de­re­jä­niň alyn­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dep­gin­li ös­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr di­ýip bel­le­mek bi­len hormatly
Pre­zi­den­ti­miz ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bi­len bir­jik-de çäk­len­män, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­ny düýp­li di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, ýo­ka­ry we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan gaý­ta­dan iş­le­ýän önüm­çi­lik pu­dak­la­ry­ny pugtalandyrmak, ylym-bi­lim eda­ra­la­ryn­da mil­li ma­ýa go­ýum ul­ga­my­ny dö­ret­mek, aň-bi­lim işi­ne gy­zyk­lan­ma­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, yl­myň we bi­li­miň ga­za­nan­la­ry esa­syn­da teh­no­lo­gik açyş­la­ry ama­la aşyr­mak ar­ka­ly eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak ýa­ly ugur­lar­da giň ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­len­ýän ýy­lyn­da ta­ry­hy­my­za al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan Halk Mas­la­ha­ty il-gü­nüň röw­şen gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len çöz­güt­ler­dir Ka­rar­la­ra baý bol­dy. Mil­li Liderimi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ýa­şa­syn Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mer­da­na hal­ky­my­za yl­ham-joş­gun ber­ýän, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te ruh­lan­dyr­ýan bag­ty­ýar dur­mu­şy­myz!

Eziz AR­TYK­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.