Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan bellenilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzda uly dabaralara beslenen Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçmegi örän täsirli boldy. Bu umumy sapagyň örän köptaraply bolandygyny, geçmiş taryhymyzdan başlap, häzirki döwrümiziň ähli babatdaky ösüş-özgerişlerini öz içine alandygyny bellemelidiris.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň taryhy ýolunyň örän beýikdigini, nusgalykdygyny anyk deliller bilen düşündirip, gadymy türkmen döwletlerini, taryhy şahsyýetlerimizi agzap geçdi. Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýollary ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň umumy sapakda rowaýatlary, tymsallary gürrüň bermegi, atalar sözlerine, dana pähimlere, matallara ýüzlenmegi, ýaşlara beren öwüt-ündewleri, pent-nesihatlary umumy sapagyň has-da täsirli bolmagyna getirdi.
Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, ata Watanyna wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çagalara sowat öwretmek, bilim bermek körpelikden – mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Bagtyýarlyk döwrümiziň körpeleri 1-nji synpdan başlap diňe sowat öwrenmek, bilim almak däl, eýsem, hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgat berilýän döwrebap kompýuterlerde bilimleri elektron görnüşde ösdürmäge, özleşdirmäge, dil, dürli söz düzümlerini, saz amallaryny öwrenmäge hem giň mümkinçilik alýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli ýerinde gurlup, iň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan bilim edaralary ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna, hünär öwrenmegine, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagyna niýetlenendir. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna iň soňky gazanylanlar, innowasion tehnologiýalar, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary ornaşdyrylýar. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem şeýle mümkinçilikden peýdalanyp okaýarlar. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän, ýaş nesliň ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin atalyk aladasyny edýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Döwletmyrat Orazmyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.