Şu ýyl «Ýylyň iň gowy kitaphanasy» halkara baýragyna Norwegiýanyň Oslo şäherindäki «Deichman Borvika» kitaphanasy eýe boldy. Bu barada Kitaphana birleşikleriniň we guramalarynyň halkara federasiýasynyň (IFLA) web sahypasynda mälim edilýär.
«1785-nji ýylda Norwegiýanyň kansleri Karl Dykman 6000 kitap ýygyndysyny Oslonyň raýatlaryna miras galdyranda, 216 ýyldan soň mirasynyň özboluşly jemgyýetçilik kitaphanasyna öwrüljekdigini göz öňüne hem getiren däl bolsa gerek. Eger-de ol häzir diri bolan bolsa, mirasynyň 2021-nji ýylda dünýäniň iň gowy jemgyýetçilik kitaphanasynyň döredilmegine esas döredendigini görüp begenerdi» diýlip, beýanatda bellenilýär.
Kitaphana alty gatdan ybarat bolup, awtomatlaşdyrylan kitap tertipleýiş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan.
Halkara kitaphana birleşikleri we guramalary federasiýasy IFLA tarapyndan gurnalan «Ýylyň iň gowy kitaphanasy» baýragynyň eýesi 5000 dollar pul baýragyna eýe bolýar. Bu baýraga Daniýanyň programma üpjünçiligi kompaniýasy «Systematic A/S.» tarapyndan hemaýatkärlik edilýär. Baýrak geçen ýyl pandemiýa sebäpli berilmänsoň, geçen ýylky gurlan kitaphanalaryň hem bäsleşige gatnaşyp biljekdigi mälim edildi.
2019-njy ýylda bu baýraga Finlýandiýadaky Helsinki merkezi kitaphanasy eýe boldy. Bu ýyl baş baýrak ugrunda dünýäniň 32 kitaphanasy bäsleşdi. Olaryň 5-si finala çykyp, ýeňiji yglan edildi we IFLA-nyň başlygy Kristin Makkenzie baýragy «Deichman Borvika» kitaphanasynyň müdirine gowşurdy.
Annabibi Baýmuhammedowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň talyby.