UEFA Milletler Ligasynyň finalynda Fransiýanyň ýygyndysy Ispaniýanyň ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Milandaky “San Siro” stadionynda oýnalan duşuşygyň birinji ýarymy ispanlaryň kontrollygynde geçdi we ýatda galyjy howply pursatlar bolmady. Birinji ýarymy golsuz geçen oýnuň ikinji ýarymynda iki topar hem başgaça oýun görkezdi. Oýnuň 63-nji minutynda çep gyradan geçirilen hüjümde fransiýaly Teo Hernandesiň batly urgusy derwezäniň ýokarky tagtasyna degip yzyna gaýtdy. Şol pursatyň yzysüre ispanlaryň garşylyklaýyn hüjüminde Serhio Busketsiň pasyny alan Mikel Oýarzabal hasaby açdy. Ýöne fransuzlaryň bu gola jogaby gijikmedi. 2 minutdan soň Mbappeniň pasyny alan Karim Benzema owadan urgy bilen topary derwezä gönükdirip, hasaby deňlemegi başardy. Duşuşygyň 80-nji minutynda-da jedelli pursatda (ofsaýtmy, dälmi) Kilian Mbappe topary derwezä girizdi. Eminler bu goly hasaba aldy. Oýnuň galan minutlarynda-da ispanlaryň eden tagallasy hasaby deňlemäge ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, Fransiýanyň ýygyndysy 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 2-nji gezek geçirilen UEFA Milletler Ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Bu Fransiýanyň halkara ýaryşlardaky 7-nji kubogy boldy. Didie Deşamyň tälimçiliginde 2-nji kubogyny gazanan Fransiýanyň ýygyndysy mundan Dünýä Kubogy, Ýewropa çempionaty, FIFA Konfederasiýa Kubogy ýaryşlarynyň hersinde 2 gezek çempion bolupdy. Fransiýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynda, Ýewropa çempionatynda hem-de Milletler Ligasynda çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy boldy.

Milletler Ligasynda bäsleşigiň iň ökde oýunçysy diýlip, Serhio Buskets saýlandy. 2 gol geçiren 3 futbolçynyň arasynda goşmaça 2 asist eden Kilian Mbappe ýaryşyň iň netijeli futbolçysy boldy.