UEFA Milletler Kubogynyň finalynda Fransiýanyň ýygyndysy Ispaniýany 2-1 hasabynda ýeňipdi. Fransuzlara ýeňiş getiren goly 80-nji minutda Kilian Mbappe derwezä girizdi. Ýöne şol goluň ofsaýtmy, dälmi meselesiniň gürrüňi dowam edýär. Angliýaly baş emin Entoni Teýlor VAR bilen maslahatlaşanyndan soň goly hasaba aldy. Oýnuň dowamynda goluň adaty çyzgyly ýagdaýda görkezilişi bu gezek ekranlarda görkezilmedi.
Göräýmäge ofsaýt bolan bu ýagdaý oýnuň düzgünine görä ofsaýt bolmandygy üçin emin tarapyndan hasaba alyndy. Oýundan soň ispaniýaly Erik Garsiýa: “Mbappeniň ofsaýtdadygy anyk görnüp dur. Eminden soradym. Olam maňa meniň top bilen oýnamakçy bolandygym üçin ofsaýty bozýandygymy aýtdy diýip, gürrüň berdi.
Eýsem düzgün nähili? IFAB-yň (düzgünleri kesgitleýän assosiasiýa) futbol oýunlarynyň düzgüni kitabynda şeýle diýýär: Ofsaýt ýagdaýyndaky bir futbolçy topy bilgeşleýin ellän ýagdaýy hem şu şuňa degişli bolup, top bilen oýnaýan garşydaşyndan topy alsa, garşydaş futbolçynyň halas edişinden daşgary, şol pursatda artykmaçlyk gazananok diýlip hasaplanýar”.
Mahlasy, hüjüm edýän futbolçy ofsaýta düşen mahaly, goragçylar top bilen baglanyşykly hereketde bolmaly däl. Bu düzgüniň biderek düzgündigini fransiýaly öňki eminlerden Bruno Derrien şu sözler bilen beýan edýär: “Bu biderek düzgün. Oýny zaýalaýar. Bu eminiň ýalňyşy däl. Düzgüniň üýtgedilmegi gerek”.
ESPN, Le Soir, The Athletic ýaly iri halkara media toparlary-da düzgüniň üýtgedilmeginiň zerurdygyny belleýärler.