“Forbes” žurnaly ABŞ-nyň iň gurply adamlarynyň 400-siniň sanawyny ýaýratdy. 1992-nji 2017-nji ýyllar aralygynda dünýäniň hem-de ABŞ-nyň iň baý adamy bolan Bill Geýts şeýle sanawyň ilkinji üçlüginde özüne orun tapmady. Sanawda birinji ýeri Jeff Bezos eýeledi. Esasy girdejisini satyn alnan harytlary müşderileriň salgysyna eltip bermek bilen meşgullanýan “Amazon” kompaniýasyndan alýan Bezos soňky birküç ýylyň dowamynda görnetin baýady. Elektrokar önümçiligi bilen meşgullanýan “Tesla”-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask bolsa ikinji orny eýeläpdir. Bu kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy geçen ýyl ep-esli ýokarlanypdy. Sanawda Geýts dünýäniň 5-nji, ABŞ-nyň 4-nji baýy bolupdyr. Meşhur işewür 1991-nji ýyldan bäri “Forbes 400” sanawynyň başdaky iki basgançagyndan aşak düşmedi. Ol 1986-njy ýylda “Microsoft” kompaniýasynyň 45 göterim paýnamasyna eýeçilik edýärdi. Şol ýyl öz kompaniýasynyň paýnamalaryny birža arkaly köpçülige hödürledi. Bir ýyldan soňra 31 ýaşly işewür 1,25 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň ýaş milliarderi bolupdy. “Microsoft”-yň beýgelmegi bilen baýlygyny 4,8 milliard dollara ýetirip, 1991-nji ýylda ABŞ-nyň iň baý ikinji adamy bolupdy. 1992-nji ýylda Geýtsiň baýlygy 6,3 milliard dollara ýetip, “Forbes 400” sanawynyň birinji basgançagyna çykdy. 2018-nji ýylda “Amazon”-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň ozmagy bilen ikinji orna düşdi.

2020-nji ýylda “Tesla”-nyň paýnamalarynyň gymmatlamagy (1000 göterime golaý) bilen Ilon Mask hem milliarderleriň hatarynda öňdäki orunlary eýeläp başlady.

25 ýyllap dünýäniň iň gurply adamy bolan Geýtsiň baýlygynyň dörtden bir bölegini “Microsoft”-daky 1,3 göterime barabar bolan paýnamasy emele getirýär. Bu paýnamanyň bahasy takmynan, 31 milliard dollar. Baýlygynyň galan böleginiň aglabasy “Cascade Investment LLC” maýa goýum kompaniýasyndan ybarat.

“Forbes 400” sanawynyň ilkinji basgançagyndaky Bezosyň 201 milliard dollary bar. Maskyň baýlygy 190,5 milliard dollar. Üçünji ýerdäki Mark Zukerbegiň 134,5 milliard dollary bar. Ýaş milliarder “Facebook” (WhatsApp, Instagram) kompaniýasyna eýeçilik edýär.