Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan Norwegiýanyň Işçi partiýasynyň lideri Ýonas Gar Stere ýurduň Premýer-ministri wezipesine girişer. Bu barada hökümetiň metbugat gullugynyň beýanatynda mälim edilýär. Işçiler partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky bileleşik 13-nji sentýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Indi işçiler partiýasyna Norwegiýanyň hökümetini döretmek we geljek dört ýyl üçin ýurduň syýasatyny kesgitlemek mümkinçiligi berilýär. Ondan öň bu patyşalyk 2013-nji ýyldan bäri Erna Solbergiň ýolbaşçylygyndaky konserwatiw Heýre partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky sagçy bileleşik tarapyndan dolandyrylýardy.