Ýaponiýanyň aşaky palatasynyň başlygy Tadamori Osima Imperator Akihitonyň karary bilen ýurduň Parlamentiniň aşaky palatasynyň işini ýatyrdy. Bu barada “Kýodo” agentligi habar berýär.

Parlamentiň aşaky palatasy Ýaponiýanyň konstitusiýasynyň ýedinji maddasy esasynda ýatyryldy.

14-nji oktýabrda ýurduň hökümeti parlamentiň aşaky palatasyny dargatmak kararyna gelip, Imperatordan muny tassyklamagyny isledi. Bu resminama monarh tarapyndan gol çekilip, hökümetiň baş sekretaryna, soňra bolsa palatanyň başlygyna gowşuryldy.

Mundan öň Ýaponiýanyň täze saýlanan Premýer-ministri Fumio Kisida saýlaw kampaniýasynyň ýurtda 19-njy oktýabrda başlap, 31-nji oktýabrda parlamentiň aşaky palatasyna saýlawlaryň geçiriljekdigini mälim etdi.