LEICESTER, ENGLAND - OCTOBER 16: Harry Maguire of Manchester United reacts to conceding a goal to Youri Tielemans of Leicester City during the Premier League match between Leicester City and Manchester United at The King Power Stadium on October 16, 2021 in Leicester, England. (Photo by Matthew Peters/Manchester United via Getty Images)

Angliýanyň Premier Ligasynda Mançester Ýunaýted myhmançylykda Lester Siti bilen duşuşyp, soňky minutlarda geçirden gollary esasynda 4-2 asgyn geldi. Premier Ligada soňky 3 duşuşygynda 2-nji gezek utulan Mançester Ýunaýtediň derwezesinden gollary 31-nji minutda Tilemans, 78-nji minutda Söýünjü, 83-nji minutda Wardi hem-de 90+1-nji minutda Daka girizdi. Myhmanlaryň gollaryny bolsa, 19-njy minutda Grinwud bilen 82-nji minutda “Ýunaýtediň” düzüminde 5 aýdan soň ilkinji gezek tapawutlanan Reşford geçirdi. Şeýlelikde, Mançester Ýunaýted Premier Liganyň çäginde 29 oýundan soň myhmançylykda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. 29 oýunlyk görkeziji rekorda deň bolup, ondan öň Arsenal 2003-2004-nji ýyllarda 27 oýun myhmançylykda utulmandy.