UEFA Çempionlar Ligasynda “E” toparçada Bawariýa” myhmançylykda Benfika bilen duşuşdy. Soňky minutlarda açylan Bawariýa 14 minutda 4 gol geçirdi. Gollary Sane (2), Ewerton (ö.d.) hem-de Lewandowski derwezä girizdi. 82-nji minutda tapawutlanan Robert Lewandowski Çempionlar Ligasynda soňky 19 oýunda 25-nji goluny geçirdi. Onuň umumylykda gollarynyň sany 78-e ýetdi we Ronaldodyr Messiden soň 3-nji ýerde barýar.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Barselona öz meýdançasynda Kiýewiň Dinamosyny 1-0 hasabynda ýeňdi. Katalonlara ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 36-njy minutda Žerar Pike öz adyna ýazdyrdy. Pike bu gol bilen Barselonanyň UÇL-de gol geçiren iň ýaşuly futbolçysy boldy. Şeýle-de Barselona Çempionlar Ligasynda 6 oýundan soň ilkinji ýeňşini gazandy.