Hytaýda uzak aralyga niýetlenen giň göwrümli CR929 rus-hytaý uçarynyň ilkinji nusgasynyň önümçiligi başlandy. Bu uçarlar ýylyň ahyrynda ilkinji gezek asmana göteriler. Taraplaryň meýilnamasyna görä, 250-300 orunlyk howa gämisi Ýewropanyň «Airbus» we Amerikanyň «Boeing» uçarlary bilen bäsleşer we dürli ýurtlarda möhüm bazar paýyna eýe bolar. Häzirki wagtda maksatnamanyň bahasy 13-20 milliard dollar möçberinde çaklanyp, 20 ýylyň içinde jemi 800-e golaý uçar öndürmek meýilleşdirilýär.