Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşlere beslenýän ýurdumyz gün-günden gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek biziň ählimiziň raýatlyk borjumyz bolup durýar. Şeýle bolansoň tebigy gaz arkaly işleýän enjamlara örän ünsli we jogapkärçilikli çemeleşmek möhümdir. Gaz enjamlarynda döreýän ýangynlaryň sebäpleri seljerilende köplenç gaz enjamlarynyň gurnalyş, ulanyş we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy zerarly ýüze çykýandygy anyklandy. Şonuň üçinem döräp biljek ýangyn hadysasynyň öňüni almak maksady bilen gaz arkaly işleýän enjamlarda ýangyn howpy döremez ýaly ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilmelidir. Gaz peçleri we enjamlary gurnalanda gaz enjamlarynyň gurnalyş we ulanyş düzgünlerini, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek ählimiziň borjumyzdyr. Gaz enjamlary şol ugurdan işleýän ýörite hünärmenler tarapyndan gurnalmalydyr hem-de ähli tarapdan saz işleýändigi barlanylmalydyr. Gaz enjamlary üçin niýetlenen otaglarda, ýagny aşhanalarda gaz enjamlarynyň ýerini üýtgetmek, öýüň içini ýylatmak maksady bilen gaz enjamlaryny (plitalary) we şol enjamlaryň howur pejini işletmek, şol enjamlar gurnalan otaglarda ýatmak, dynç almak, gaz enjamlary bilen bagly ýumuşlary kiçi ýaşly çagalara buýurmak, gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak howpludyr. Gaz enjamlarynyň ýanan gazynyň howrundan zäherlenmez ýaly, gaz enjamlarynyň üstünden howur çekiji saýawan oturdylyp, gaz enjamynyň işläp duran wagty penjiräniň bir gözi açyk bolmaly.
Gaz enjamlaryna barýan gaz polat turba arkaly geçirilmelidir. Diňe gaz enjamy bilen polat turbaly gaz geçirijiniň arasynda bir metrden köp bolmadyk rezin mataly gaz geçirijini ulanmak bolýar. Şol rezin mataly gaz geçiriji peýdalanylanda onuň birigýän ýerini ýörite bileksejik arkaly berk gysyp, olaryň eplenmeginden, agyr goşlaryň aşagynda galmagyndan we başga-da her hili zeper ýetmelerden goralmalydyr. Gaz enjamlaryny işletmezden öňürti otluçöpi ýakyp, soňra gazyň ýanjak ojagyna eltip, diňe şondan soň gerek nurbaty açmaly. Gaz enjamlary işledilende hökmany ýagdaýda gözegçilikde saklanylyp, üstünde gaýnap duran suwuklyklaryň çogmagyna ýol berilmeli däldir.
Şeýle-de, gaz arkaly işleýän peçleriň ýa-da suw ýyladyjy enjamlaryň dürli sebäplere görä ody sönende, awtomatik ýagdaýda öçüriji-sazlaýjy ulgamy bolmaly. Gaz enjamlary gurnalanda oda durnukly gatlaklar (materiallar) bilen üpjün edilmeli. Gaz arkaly işledilýän enjamlaryň we onuň tüsseçykarlarynyň töwereginde ýanyjy goşlary, palaslary, ýeňil ýanyjy suwuklyklary goýmaly däl. Gaz enjamlary ulanylmazdan öň, ulanylýan wagty olaryň ojaklarynyň doly açykdygyny, ýanyş ukyplylygyny barlap, tüsseçykary gurumlardan öz wagtynda arassalamaly. Gaz enjamlarynyň öçüriji, sazlaýjy ulgamlaryny ulanmakdan aýyrmak ýa-da gaz geçirijileriň, enjamlaryň bozuk, emeli usulda ýasalan ýagdaýlarynda, esasan hem, gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaý ýüze çykanda ulanmak gadagan edilýär.
Otagda gazyň ysy duýlan halatynda gaz enjamlaryny ulanmagy bes etmeli, gaz geçirijiniň nurbatyny ýapmaly, penjireleri açyp, otagyň içini şemallatmaly. Şolar ýaly ýagdaýda açyk otdan peýdalanmak, ýanyp duran elektrik çyrany, enjamlary öçürmek ýa-da ony ýakmak gadagan edilýär. Şonda-da gazyň ysy gelip dursa, onda haýal etmän Gaz howpsuzlyk gullugyna telefon arkaly 04, öýjükli telefondan bolsa 004 belgä habar bermeli.
Hormatly ildeşler! Ýangyn dörände ýa-da ýangynyň alamatlaryny gören halatyňyzda howsala düşmän, haýal etmän telefon arkaly 01, öýjükli telefondan bolsa 001 telefon belgisine jaň edip, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna habar beriň! Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek ählimiziň borjumyzdyr!
Geldimämmet Rejepow,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji Harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, içerki gullugyň kapitany.