Angliýanyň paýtagty Londonda geçirilen maýa goýum sammitinde ýurda jemi 9,7 milliard funt sterling daşary ýurt maýa goýumynyň çekiljekdigi bellenildi. Londonda geçirilen Global maýa goýum sammitinde daşary ýurtly maýadarlaryň Beýik Britaniýada 10 milliard funt sterlinge barabar maýa goýum özleşdirmek barada netijä gelendikleri mälim edildi. Bu barada ýurduň Ministrler Kabineti habar berdi. Sammitde söwda we maýa goýum şertnamasynyň 18-sine gol çekilendigi, bu maýa goýumlaryň ýurtda 30 müň iş ornuny döretjekdigi aýdyldy. ýurduň hökümet başlygy Boris Jonson dünýäniň iň gowy maýadarlarynyň geljegiň senagatynda ösüş we innowasiýa üçin Angliýadaky ajaýyp mümkinçilikleri görendiklerini belledi. Premiýer-ministr «Bu maýa goýum ykdysady dikelişimizi güýçlendirer, müňlerçe iş ornuny döreder we ýurduň çäginde täze derejä çykmaga ýardam eder» – diýip belledi.
Şeýle hem ýurduň çäginde howanyň özgermegi bilen göreşmek üçin «ýaşyl» tehnologiýanyň özüne düşýän bahasynyň arzanladylmagy üçin tagalla edilýär. Munuň üçin Bill Geýtsiň ýolbaşçylyk edýän täjirçilik maksady bolmadyk «Breakthrough Energy» guramasy bilen hyzmatdaşlyk edilipdir. Bu hyzmatdaşlygyň bahasynyň 400 million funt sterlingdigi mälim edildi. Bu barada Bill Geýts Agliýa bilen hyzmatdaşlygyň howany hapalaýan häzirki önümçilik bilen bäsdeşlik edip biljek arassa tehnologiýanyň bahasyny azaltjakdygyny belledi.