21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň guruljak ýerine geldi.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow milli Liderimizi bu ýerde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary, şol sanda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň toplumynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy. Şekil taslamalarynda merkeziň dolandyryş binasy, saglyk nokady, onuň otaglarynyň içki görnüşleri, 2 gatly 20 orunlyk awtoduralga we onuň ýerleşjek ýeri görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekil taslamasy bilen tanyşdy. Taslamany düzüjiler ony şu ýerden uzak bolmadyk ýerde ýerleşen, halkymyzyň gadymy taryhy ýadygärlikleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Paryzdepäniň mysalynda taýýarlapdyrlar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna beýikligi 115 metr boljak Baýdak sütüniniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, şol sanda guruljak duralgalaryň, olaryň içinde oturdyljak oturgyçlaryň, yşyklandyryjylaryň, ulanyljak içki bezeg serişdeleriniň, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalary makullap, olar durmuşa geçirilende, ýokary hiliň üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerler, şol sanda olaryň ekologik ýagdaýy, seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki degişli görkezijileri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde Döwlet sirki hem bina ediler. Şekil taslamalarynda bu desganyň eýwanynyň, içki bezeginiň dürli görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew bu ýerde bina edilmegi meýilleşdirilen dürli täze gurluşyklaryň şekil taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, käbir belliklerini we düzedişlerini girizdi. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtamak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berilipdi.