26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

 Beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna geldi.

Milli Liderimiz halkymyzyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan ajaýyp toplumyň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda Aşgabadyň günorta künjegindäki özboluşly tebigy aýratynlyklary bolan ýerlerde birnäçe binagärlik toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Şolaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi, bu ýerlerde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi mermer paýtagtymyzyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda onuň ekologik derejesiniň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny hem üpjün edýär.

Bag nahallaryny oturtdylar

Wise-premýer E.Orazgeldiýew bu ýerde döredilýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy, bag nahallaryny oturtmak boýunça kesgitlenen ýer bölekleriniň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar hem-de çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde we onuň töwereklerinde ekiljek bag nahallarynyň paýtagtymyzyň günorta künjeginiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, olary seçip almaga ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

Özüniň ajaýyp eserleri bilen dünýäde meşhur bolan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine kybap gelmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bu ýerlerde gurulýan desgalar Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir we olaryň taslamalary taýýarlanylanda, häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden hem-de ýerli özboluşly tebigy aýratynlyklardan ugur alynmalydyr.

Yşyklandyryş ulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirer

Soňra wise-premýer Ç.Pürçekow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň baş meýilnamasy, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, topluma gelýän ýoluň, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary we çyzgylary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan toplumyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar, inženerçilik-tehniki ulgam hem-de toplumyň ýol-ulag düzümi, yşyklandyryş ulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirer.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň hem-de onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriň gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülmegine ünsi çekip, paýtagtymyzyň bu künjeginiň arassaçylyk we ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça bäsleşigi yglan etmek barada anyk tabşyryklary berip, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen akyldar şahyryň hormatyna dikeldilýän toplumyň gurluşygynda hem-de onuň abadanlaşdyrylyşynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil usullarynyň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň, aýratyn-da, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mugallymlarynyň täzeçil gözýetimlere esaslanýan pikirine daýanylmalydygyny, şunda milli hem-de häzirki zamanyň binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Toplumy abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy taýýarlanylanda, oňa häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmegi zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýadygärlik nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we kaşaň bolmalydyr

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy asman bilen Zemin arasyndaky beýik ýadygärlik bolmalydyr. Onda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy kökleri we häzirki döwürde bitirilýän asylly işleriň belentligi öz beýanyny tapmalydyr. Toplum akyldar şahyryň hut özüniň äleme nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we kaşaň bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şu ýörelgelerden ugur almagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny belläp, onuň çägindäki baýyrlyklarda dürli yşyklaryň kömegi arkaly beýik Pyragynyň dünýä meşhur şygyrlaryndan setirleriň beýan edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda dürli maksatly desgalaryň 70-siniň gurlup ulanmaga berlendigini belläp, bu işleriň ýokary görkezijilere laýyk gelýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde gymmatly eserleri bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýäniň köp döwletleriniň halklarynyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolan şahyryň adyny göterýän toplumyň gurluşygynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy dünýä nusgalyk bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz bu künjekde güýzki ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda ylmy taýdan esaslandyrylan bag nahallarynyň oturdylmagynyň möhümdigini belledi. Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde dürli görnüşli bag nahallary bolmalydyr, olar bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagyny üpjün etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi taryhda öçmejek yz goýan, özüniň nusgalyk eserleri bilen tutuş Gündogar halklarynyň söýgüsini gazanan akyldar şahyryň medeni-seýilgäh toplumynyň häzirki zaman görkezijilerine kybap gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem bu ýerde tokaý zolaklary döredilende, dag etekleriniň, baýyrlyklaryň howa aýratynlyklarynyň we tebigy şertleriň göz öňünde tutulmagy zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň hem-de paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta tarapynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerine ünsi çekip, bu ýerde bina edilýän toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Gurluk işleri 2022-nji ýylda tamamlanar

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygyny hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri 2022-nji ýylda doly tamamlap, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanylyp ulanmaga berilse, ýerine düşjekdigini belledi. Munuň üçin meýilleşdirilen ähli işler ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ýagdaýda amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we degişli ýolbaşçylara hem-de wise-premýer M.Mämmedowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şahyrynyň 300 ýyllygy belleniler

2024-nji ýylda türkmen halkynyň dünýä meşhur akyldar şahyrynyň 300 ýyllyk dabarasy giňden belleniler. Bu ýerde gurlan toplumyň geljek ýylda açylmagy bolsa dünýä nusgalyk eserleri döreden şahyryň hormatyna guraljak giň möçberli dabaralara özboluşly badalga bolar. Şeýle hem 2024-nji ýyly “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan ederis. Munuň özi beýik şahyra goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüler diýip, milli Liderimiz belledi.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem häzirki döwürde bu ýerde sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň günorta tarapyndan sil suwlaryndan goraýjy desgalaryň gurluşygynda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň we bu ugra degişli dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýlelikde, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, türkmen halky üçin oňaýly şertleri döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary utgaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.