2018-nji ýylyň awgustyndan bäri dünýäniň iň gymmatly tehnolgiýa kompaniýasy hasaplanýan “Apple” ikinji orna düşdi. Şu ýyl bazar nyrhy 49 göterim ýokarlanan “Microsoft”-yň bazary nyrhy 2 trillion 490 milliard dollara ýetip, birinji boldy. Pandemiýa döwründe “bulut” tehnologiýasy arkaly hödürlenýän hyzmatlara islegiň ýokary bolmagy kompaniýanyň girdejisini artdyrdy. “iPhone” öndüriji kompaniýanyň bazar nyrhy bolsa, 2 trillion 476 milliard dollar töweregi.
“Apple”-yň bazar nyrhy 2010-njy ýylda “Microsoft”-dan geçipdi. “Apple” bazar nyrhy bir trillion dollardan hem-de iki trillion dollardan geçen ilkinji tehnologiýa kompaniýasy bolupdy.
Şu ýylyň üçünji çärýeginde ýyllyk girdejisini 29 göterim artdyryp, 83,4 milliard dollara ýetiren hem bolsa “Apple” kompaniýasynyň garaşylandan az girdeji gazanylandygy mälim edildi.