“Reuters” habarlar gullugy dünýädäki iň duzly kölleriň biri bolan Öli deňziň suratlaryny ýaýratdy. Global ýylylygyň tebigata täsiriniň artýandygy sebäpli köldäki suwuň azalýandygy mälim edildi. Bu ýere gelýänler köl suwunyň azalýandygyny, köl suwundaky duzuň mukdarynyň köpelýändigini görýärler. Kölüň töwereginde bolsa, ýeriň jaýrylýandygyny we çöküp çukur emele gelýändigini görmek bolýar. Suwuň çekilendigine garamazdan, bu ýere gelýän syýahatçylaryň sany artýar. Öli deňziň suwunda duzuň mukdary çendenaşa köp bolup, arkan ýatanyňda suwa çümmeýärsiň. Bu aýratynlygy sebäpli köl köp ýyldan bäri syýahatçylary özüne çekýär. Kölüň suwny köpeltmek üçin turbalar arkaly suw goýberilýär. Muňa garamazdan, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli bugarmanyň köp bolmagy, kölüň töweregindäki ekerançylykda suwuň bisarpa ulanylmagy we beýleki meseleler kölüň suwuny ýylsaýyn azaldýar.