Täze Zelandiýada bir mellekde ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň agramynyň 8 kilograma barabardygy mälim edildi. Kolin we Donna Kreýg-Broun maşgalasy ýurduň Hamilton şäherinde ýaşaýar. Bir gün mellekde gezip ýörkä Koliniň aýagy ýeriň aşagyndaky bir zada degýär. Soňra ol aýaly Donna bu zadyň batat bolup biljekdigini aýdypdyr. Sebäbi olar öz melleginde batat ösdürip ýetişdirýän ekenler. Soňra Kolin ondan bir bölek alyp dadyp görende, onuň ýeralmadygyna göz ýetipdir. Ol bu barada ýurduň “Herald” gazetine habar berdi. Koliniň pikiriçe bu ekin tötänleýin topraga düşen tohumdan gögerip çykan bolmaly. Sebäbi olar 2-3 ýyl ozal mellegine kartoşka eken ekenler. Onuň agramynyň 7,8 kilogramdygy habar berildi. Häzirki wagtda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iň agyr kartoşka 5 kg. 2011-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Angliýada hasaba alnan kartoşkany Peter Gleýbruk ösdürip ýetişdiripdir. Täze tapylan ýeralma entek rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedi we web saýtynda 2011-nji ýyldaky rekord dur.