“Ford” kompaniýasy 1978-nji ýylda öndürilen “F-100” pikap modeliniň elektrik energiýasy bilen işleýän nusgasyny taýýarlady. Şeýle hem kompaniýa şeýle ulagy bolanlaryň ulaglaryny elektrik energiýaly modele öwürmekleri üçin gerekli motory we beýleki şaýlary hem öndürdi. “F-100” ulagy bolan adamlar aňsatlyk bilen bu ulaglaryny elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşli edip bolar. Şeýlelikde nusgawy ulagy halaýan emma, onuň elektrik energiýasy bilen işlemegini isleýänler bu motory alyp, ulagyna oturdyp biler. “F-100” pikapynyň asyl nusgasynda V8 motor oturdylypdy. Daşky dizaýny şol ulaga meňzedilip ýasalan täze ulagda bolsa, “Mustang Mach-E GT Performance Edition” SUV ulagynyň motory oturdylypdyr. Motoryň kuwwaty 281 at güýjüne barabar. Köne ulagyny elektrikli ulaga öwürmek üçin bu motordan iki sanysyny oturtmaly bolar. Şeýlelikde kuwwaty 480 at güýjüne barabar pikap emele geler. “Eluminators” atly hereketlendirijileriň her biriniň bahasy 3 müň 900 dollar. Kompaniýa eýýäm sargyt kabul edip başlady. Täze ulaga we hereketlendirijä islegiň ýokarydygy bellenilýär.
Jumanazar Halnazarow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.