Ýaponiýada koronawirus pandemiýasynyň ykdysady täsirlerini azaltmak maksady bilen raýatlaryň girdejisine seretmezden her çaga üçin 100 müň ýen (880 dollar) tölener. Munuň üçin hökümet jemi 2 trillion ýen (18 milliard dollar) bölüp berer. “Yomiuri” neşiriniň habaryna görä, ýurtda pandemiýanyň ykdysady täsirini azaltmak üçin maksatnama taýýarlandy. Bu maksatnamanyň çäklerinde 18 ýaşyndan kiçi çagalar üçin indiki ýylyň birinji ýarymynda nagt pul tölener.
Ýurtda 31-nji oktýabrda geçirilen sawlawda Fumio Kisida hökümet başlygy wezipesine saýlandy. Kisida saýlaw kampaniýasynda çagaly maşgalalara kömek beriljekdigini wada edipdi.