Ir döwürler «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşürilip, ençeme ýyllaryň dowamynda ekrandan düşmän gelen «Ykbal» çeper filmi megerem tomaşaçylaryň ýadynda bolsa gerek. Ýazyjy Hydyr Derýaýewiň edebi eseri esasynda kinorežissýor Meret Atahanowyň surata düşüren bu filminde iki ýaş juwan Uzukjemal bilen Berdiniň ykballary çeper beýan edilýär. Bu iki gahrymanyň keşplerini janlandyrýan artistler bolsa hut hakyky durmuşdaky ýaly edip tomaşaçylara ýetirmegi başarypdyrlar. Olaryň öz söýgüsi üçin göreşini synlanyňda ýüregiň para-para bolýar. Olaryň ykbalyň şonuň ýaly gazabyna döz gelip, filmiň soňunda giç hem bolsa birek-birege gowuşmagy hiç wagt aňyndan gitmeýär. Biz hem Berdiniň keşbini janlandyran Türkmenistanyň halk artisti, häzirki wagtda ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda zähmet çekip ýören Oraz Amangeldiýew bilen duşuşyp, onuň durmuş we döredijilik ýoly bilen okyjylar köpçüligini tanyşdyrmagy makul bildik.
1951-nji ýylyň 24-nji iýunynda Balkan welaýatynyň öňki Garrygala, häzirki Magtymguly şäherçesinde gullukçynyň maşgalasynda dünýä inen Oraz ýaşlykdan dürli kärlerde, ýagny lukman, mugallym, uçarman bolup işleýän ynsanlara guwanypdyr. Şonuň ýaly-da ol kinofilmlere we spektakllara tomaşa etmegi oňat görüp, keşp janlandyrýan artistleriň işini arzuw eder eken. Ol Magtymguly şäherçesiniň 2-nji orta mekdebinde okaýarka, esasan, edebiýat sapagyna ýykgyn edip, çeper eserleri, kitaplary okamagy oňat görer eken. Ol saz çalmagy hem arzuw edipdir. Şol arzuwlaryny hasyl etmek üçin orta mekdebi tamamlan Oraz 1968-nji ýylda Moskwa şäherindäki M.S.Şepkin adyndaky teatr institutynyň drama we kino aktýory bölümine okuwa girýär. Orazyň kakasy Amangeldi aga gullukçy bolsa, ejesi Ogultäç daýza edebiýat mugallymy bolupdyr. Oraz Moskwada ussat pedagog W.K.Stirnowdan aktýor ussatlygynyň inçe tilsimlerini öwrenip başlaýar. Okuwyň dowamynda sahnalaşdyrylan Moleriň «Jenap De Pursanýak» spektaklynda Oraza baş keşp bolan Erestiň, «Optimistik tragediýa» spektaklynda bolsa kapitanyň keşbini janlandyrmagy tabşyrýarlar. 1973-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tamamlap gelen Orazy şol wagtky A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryna işe belleýärler. Bu teatrda Oraza hem artist, hem režissýor, hem teatryň baş ýolbaşçysy wezipesinde işlemek miýesser edýär. Ýaşlar teatrynyň sahnasynda Oraz ençeme spektakllarda baş keşplerde çykyş edýär. Olardan «Magtymguly» spektaklynda ýaş Magtymgulynyň, «Altyn ýyldyz» spektaklynda Albertiň, «Peýkam» spektaklynda Aga Berdiýewiň, «Iýundaky hoşlaşyk» spektaklynda Kolesowyň, «Gedaý bagşy» spektaklynda Şanyň keşpleri teatra ýene-de bir ýaş zehiniň goşulanyna şaýat bolan keşplerdir. Oraz Amangeldiýew ýaşlar teatrynda tä 2001-nji ýyla çenli işländen soň, şol ýyl ony täze açylan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryna işe çagyrýarlar. Teatryň şol wagtky baş ýolbaşçysy bolup işlän Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyr Atabaýew Orazy güler ýüz bilen garşy alýar. Bu teatryň sahnasynda Oraz «Şasenem Garyp» spektaklynda Şawelegiň, «Söýgi rowaýaty» spektaklynda Soltanyň, «Hüýrlukga–Hemra» spektaklynda Weziriň, «Söýgi hasraty» spektaklynda Nowsulyň, «Tumar Şa» spektaklynda Daýawyň keşplerini teatr muşdaklarynyň aňynda galar ýaly edip janlandyrypdy. Ýeri gelende Oraz Amangeldiýewiň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyrylýan spektakllarda-da çykyş edýändigini belläp geçesimiz gelýär. Bu ýerde Orazyň döreden «Magtymguly» spektaklynda Azadynyň, «Watan hakda üç aýdym» spektaklynda Orazmämmet Hanyň, «Ýurt» spektaklynda Hanyň keşpleri teatr muşdaklary tarapyndan oňat garşy alnan keşplerdir. Oraz Amangeldiýew kino sungatyna hem özüniň saldamly goşandyny goşup gelýär. Onuň kino sungatynda ilkinji döreden keşbi kinorežissýor Halmämmet Kakabaýewiň surata düşüren «Altynyň öwüşgini» atly doly göwrümli çeper filmindäki Öwez Ýomudowyň keşbidir. Şol keşp şowly çykanyndan soň «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň goýujy kinorežissýorlary Oraza yzly-yzyna keşp janlandyrmagy tabşyryp başlaýarlar. Olardan «Gara Kerwen» filminde Sarynyň, «Gizlin ilçi» filminde Şadynyň, «Gara gije» filminde Muhammet Şanyň, «Magtymguly» filminde şahyryň dogany Abdyllanyň, «Seýis» filminde Öweziň, «Garagum kölegede 45 gradus» filminde Orazyň, «Ülkämiň kuwwatly ganaty» filminde uçarman-professoryň, «Gedaý bagşy» filminde baş keşpdäki bagşynyň, «Yşk perwanasy ýa-da hyýaldaky hakykat» filminde Mäne babanyň keşpleri, şeýle-de «Nejmeddin Kubra» filminde ýerine ýetiren baş keşbi kino muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolan keşplerdir.
Ýazyjy Hydyr Derýaýewiň edebi eseri esasynda kinorežissýor Meret Atahanowyň surata düşüren «Ykbal» filminde janlandyran pukara türkmen ýigidi Berdiniň keşbini janlandyryşy dogrusynda Oraz aga şeýle gürrüň berdi:
— Bu film surata düşürilmezinden öň baş keşbi janlandyrjak artistleri awtor bilen duşuşdyrdylar. Şonda Hydyr aga maňa «Bu ýigit Berdiniň keşbine oňat gabat gelipdir» diýip, meni iki elläp goldapdy. Film surata düşürileninden soň filme tomaşa eden Hydyr aga meniň elimi gysyp: «Sag bol ogul, Berdiniň keşbini sen tüýs meniň eserde ýazyşym ýaly edip janlandyrypsyň» diýip, öz hoşallygyny beýan etdi. «Ykbal» filmi dürli ýerlerde ýagny Buharada, Hywada, şonuň ýaly-da Nohurda, Öňaldynyň çöllük ýerlerinde, Kyrkgyz diýen ýerde, şeýle-de Aşgabatda surata düşürildi. Berdiniň keşbini janlandyrmak maňa elbetde ýeňil düşmedi. Sebäbi Berdi gaýduwsyz ýigit, ol ykbalyň ýowuz kerebine çolaşýar. Ol özüniň göwün beren gyzy Uzuga gowuşmak üçin göreşmeli bolýar. Göwnüçökgünlik, erksizlik, ygtyýarsyzlyk pukara ýigidi gysyp-gowrup barýar. Maňa şol häsiýetleri ýeňip geçip, tomaşaça hakyky ýaly edip ýetirmek başartdy. Men şu çaka çenli 40-a golaý filmde surata düşdüm. Şolaryň içinde iň güzaplysy Berdiniň keşbi boldy. Adam näme arzuw etse şolam hasyl bolýan eken. Menem oglankam arzuw eden kärlerimi ýerine ýetirýän keşplerimde başymdan geçirýän. Şol arzuw eden kärlerimiň hemmesini-de men teatrda we kinofilmlerde döreden keşplerimde başymdan geçirdim.
Özüniň ýiti zehini, aktýor ussatlygy, ukyp başarnygy bilen Oraz Amangeldiýew gaýry ýurtly kinorežissýorlaryň hem gözüne ilýär. Ýeri gelende Oraz agaň «Özbekfilm» kinostudiýasynyň önümi bolan «Sen kalbymyň soltany» atly filminde hem Akmal Batyrowyň keşbini ýatda galyjy edip döredip, özüni kinomuşdaklaryň söýgüli aktýorlarynyň hatarynda tanatmagy başaranlygyny-da aýtman geçmek bolmaz.
Şonuň ýaly-da, Oraz aga «Gazakfilmiň» önümi bolan «Aždar ýyly» atly filmde bolsa Ahmanyň keşbini döredip, özüni köpugurly zehin hökmünde halk köpçüligine äşgär edipdi.
Halypa artist Oraz Amangeldiýew teatr hem kino sungatynda 54 ýyla golaý zähmet çekmek bilen, teatryň sahnasynda 90-a golaý baş keşpleri, kino sungatynda bolsa 40-a golaý keşp janlandyrypdyr. Oraz aga häzirki wagtda hormatly dynç alyşdadygyna garamazdan, badyny gowşatman halkymyza medeniýetli hyzmatyny dowam etdirip ýör. Oraz aga ýurdumyzda bellenilip geçilýän baýramçylyklarda we döwlet çärelerinde hem çykyş edip, öz goşandyny goşup gelýär. Onuň teatr hem kino sungatynda çeken döredijilikli zähmeti nazara alnyp 1985-nji ýylda Ýaşlar baýragy bilen, 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanylýar, ýene-de şol ýyl «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2018-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar. Köpleriň halypasy, Türkmenistanyň halk artisti Oraz Amangeldiýewiň döwletli maşgalasy bar. Ol ýanýoldaşy Ýazbike ýeňňemiz bilen bir ogly, iki gyzy kemala getirip, ylymly, bilimli, hünärli adamlaryň hataryna goşdy. Olaryň 5 sany agtygy bar.
— Men Watanymy, kärimi, maşgalamy söýşüm ýaly söýýän. Sungata uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, Watan üçin, halk üçin edýän oňat işleri elmydama rowaç alsyn diýip, Oraz aga biziň bilen söhbetdeş bolanda aýtdy.
Bize bolsa ussat aktýora mundan buýana-da arzuwlarynyň hasyl bolmagyny dileg edäýmek galýar.
Döwletmyrat Hojaberdiýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.