Dünýäniň iň gurply işewürleriniň biri bolan Jeff Bezos Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP26) 26-njy maslahatynda eden çykyşynda howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga degişli taslamalary durmuşa geçirmek üçin 2 milliard dollar berjekdigini mälim etdi. Bezos: «Eýe bolanlarymyzy goramaly, ýitirenlerimizi yzyna getirmeli we zerurlyk duýýan tebigatymyz bilen sazlaşykly ýaşamalydyrys» diýip belledi. Işewür mundan ozal howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen «Earth Fund» atly maksatnama taýýarlapdy. Bezos bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin jemi 10 milliard dollar sarp etjekdigini mälim edipdi. Halkara maslahatda beriljekdigi aýdylan 2 milliard dollar şol maksatnamanyň bir bölegi bolar. Bu serişdäniň 1 milliard dollarlyk bölegi Afrikada özleşdiriler. Pul serişdesi Afrikada agaç ekmek, öri meýdanlaryny gowulandyrmak ýaly maksatlar üçin ulanylar. Galan 1 milliard dollarlyk bölegi azyk we oba hojalyk ulgamyny ösdürmek üçin sarp ediler.
Begenç BÄŞIMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.