ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo Baý­den inf­rast­ruk­tu­ra re­for­ma­sy­nyň ta­ry­hy taý­dan yk­dy­sa­dy ösü­şe alyp bar­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
– Ga­raş­syz hü­när­men­ler bu ka­nun tas­la­ma­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­timizi ös­dür­mek üçin iň mö­hüm ma­ýa go­ýum­la­ry­my­zy öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Bu tas­la­ma mil­li­on­lar­ça iş or­nu­ny dö­re­der, ön­dü­ri­ji­li­gi ýo­kar­lan­dy­rar we çyk­da­jy­la­ry azal­dar. Ta­ry­hy taý­dan yk­dy­sa­dy ösü­şe ge­ti­rer – di­ýip, Jo Baý­den met­bu­gat ýyg­na­gyn­da aýt­dy.
Mun­dan öň ABŞ-nyň Kong­re­si­niň we­kil­ler pa­la­ta­sy se­nat ta­ra­pyn­dan eý­ýäm ses ber­len infrast­ruk­tu­ra ka­nu­n tas­la­ma­sy­ny gol­da­dy. Onuň çyk­da­jy­la­ry­nyň ba­ha­sy 10 ýyl­da 1 tril­li­on dol­lar­dan gow­rak­dyr.
ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti, bu tas­la­ma­nyň ýo­ka­ry bi­li­mi bol­ma­dyk adam­lar üçin iş ýer­le­ri­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. Ol ýyl­lyk gir­de­ji­si 400 müň dol­lar­dan pes bo­lan adam­lar üçin sal­gyt­la­ryň ýo­ka­ry bol­ma­jak­dy­gy­ny öňe sür­di. – Iň esa­sy zat, her kim pa­ýy­ny ada­lat­ly tö­le­me­li – di­ýip, Jo Baý­den bel­le­di.
Jo Baý­den, öz­gert­me­le­ri­niň ka­bul edil­me­gi bi­len ABŞ-nyň «mil­let hök­mün­de ägirt ädim äden­di­gi­ni» mä­lim et­di. Baý­den «Me­ýil­na­ma­nyň her ug­ry Ame­ri­ka­da düýp­li üýt­geş­me­le­re se­bäp bo­lar – diý­di. Şeý­le-de, ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti ýa­kyn wagt­da tas­la­ma gol çek­jek­di­gi­ni aýt­dy.