Marokko Demirgazyk Afrikanyň deňiz senagatynyň ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde 2022-nji ýylda port pudagyna 1,5 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada suw üpjünçiligi we enjamlar ministri Nizar Barak aýtdy.
Dahlanyň Atlantik kenaryndaky iri portunyň gurluşyk işleri ýakyn hepdelerde başlar we deňiz balykçylygy, söwda, energiýa, oba hojalygy we syýahatçylyk ugurlarynda möhüm rol oýnamak üçin azyndan 8 ýyl gerek bolar. Hökümet Dahlanyň Atlantik portunyň gurluşygyna 951 million dollar sarp ediljekdigini we Patyşalygyň günorta welaýatlarynda ykdysady we sosial ösüşi üpjün etjekdigini mälim etdi. Saharadaky iň uly port Marokkodan başlap Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň arasynda deňiz söwda gatnaşyklarynyň möhüm nokadyna öwrülmegine garaşylýar.
Nizar Barakyň pikiriçe, indiki ýyl Ortaýer deňziniň günbataryndaky bahasy 951 million dollara deň bolan Nador söwda portunyň gurluşyk işleri dowam etdiriler. Marokko özüniň 9 esasy söwda porty bilen Afrikanyň iň möhüm logistika sebitleriniň birine öwrüldi we deňizde gaýtadan işlemek we ýüklemek pudagynda yklymda birinji orunda durýar. Port infrastrukturasy ýurduň söwdasynyň, takmynan, 98 göterimini eýeleýär we ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm pudagydyr. Häzirki wagtda Marokkoda 33 port bolup, olaryň 12-si halkara täjirçiligi üçin niýetlenendir.