Şwe­si­ýa­nyň ma­li­ýe mi­nist­ri Mag­da­le­na An­ders­son ýur­duň do­lan­dy­ry­jy So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Koa­li­si­ýa hyz­mat­daş­la­ry­nyň gol­da­wy bo­lan ha­la­tyn­da Ste­fan Löf­we­ni çal­şyp, Şwe­si­ýa­da il­kin­ji ze­nan Prem­ýer-mi­nistr bo­lar. 54 ýaş­ly An­ders­son mu­nuň üçin par­la­men­tiň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan tas­syk­lan­ma­ly bo­lar. Soň­ra ýur­duň tä­ze hö­kü­me­ti­niň ag­za­la­ry­ny kes­git­lär. 2014-nji ýyl­dan bä­ri hö­kü­met baş­ly­gy we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän Löf­wen aw­gust aýyn­da iş­den çe­kil­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di.