Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň “I” toparçasynda Angliýanyň ýygyndysy myhmançylykda San Marinonyň ýygyndysyny 10-0 hasabynda ýeňdi. Iňlisleriň gollarynyň 4-sini (27 p, 32, 39 p, 42) Harri Keýn geçirdi. Beýlekileri Maguaýr (6), Fabbri 15 (ö.d.), Smit Row (58), Mings (69), Abraham (78) hem-de Saka (79) derwezä girizdi. Şeýlelikde, 10 oýunda 26 utuk toplap, 39 gol geçiren Angliýanyň ýygyndysy 16-njy gezek Dünýä Kubogynda çykyş eder. Angliýanyň ýygyndysy 57 ýyldan soň 10-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Olar soňky gezek 1964-nji ýylda ABŞ-nyň milli toparyndan 10-0 üstün çykypdy.

Toparçadaky beýleki oýunlarda Polşa öz meýdançasynda Wengriýadan 2-1 asgyn geldi. Albaniýa bolsa Andorrany 1-0 hasabynda ýeňdi. Polşanyň ýygyndysy pleý-off tapgyrynda çykyş eder.