Ge­çen hep­de BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­naş­ýan ta­rap­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň 26-njy mej­li­si goş­ma­ça bir gün uzal­dy­lan­dan soň 13-nji no­ýabr­da Glaz­go­da ta­mam­lan­dy. Gep­le­şik­le­re gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň we­kil­le­ri ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş bo­ýun­ça tä­ze glo­bal şert­na­ma ba­ra­da yla­laş­dy­lar. 200-e go­laý gat­na­şy­jy ýurt COP26 mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Glaz­go ho­wa şert­na­ma­sy­ny ka­bul et­di.
Mas­la­hat­da kä­bir umyt­lan­dy­ry­jy öňe­gi­diş­lik ga­za­nyl­dy. My­sal üçin, ta­rap­lar Pa­riž kli­mat şert­na­ma­sy­nyň 6-njy mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, ug­le­rod ba­za­rynyň mehanizmleri ba­ra­da özara yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Bu bol­sa, ba­za­ra esas­lan­ýan usul­lar ar­ka­ly ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry azalt­mak ba­ra­da­ky yla­la­şy­gyň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mümkinçilik döretdi. Şeý­le hem ta­rap­lar elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek­de kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň esa­sy çeş­me­si bo­lan kö­mü­riň ula­ny­ly­şy­ny azalt­mak ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Bu, COP yla­la­şy­gyn­da ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri ba­ra­da il­kin­ji aý­dyň yla­la­şyk­dyr. Maslahatyň barşynda 100-den gow­rak ýurt 2030-njy ýy­la çen­li to­kaý­la­ryň ýok edil­me­gi­niň öňü­ni al­ma­gy wa­da ber­di.
Mas­la­ha­tyň soň­ky gün­le­rin­de Hy­taý we ABŞ 2020-nji ýyl­lar­da ho­wa bo­ýun­ça he­re­ket­le­ri güýç­len­dir­mek ba­ra­da bi­le­lik­dä­ki jar­na­ma­ny ýaý­rat­dy­lar. Bu maksatnama giň­den gol­daw tapyp, glo­bal köp­çü­lik­le­ýin he­re­ke­te iter­gi be­rdi. Iki ýurt ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin öňü­miz­dä­ki on ýyl­da de­giş­li çä­re­le­ri güýç­len­dir­mek üçin iş to­pa­ryny dö­ret­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Şeý­le-de bol­sa, COP26 mas­la­ha­tyn­dan soň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­re­şi ma­li­ýe­leş­dir­mek ýa­ly kä­bir çö­zül­me­dik me­se­le­ler nä­bel­li­li­gi­ne gal­ýar.
Şeý­le hem, Uý­gun­laş­ma gaz­na­sy ar­ka­ly ma­li­ýe gol­da­wy­nyň ep-es­li ýo­kar­lan­jak­dy­gy ba­ra­da wa­da­lar bar­dy, çünki ösen ýurt­la­ryň 2025-nji ýy­la çen­li ösüp bar­ýan ýurt­la­ra ber­ýän gol­da­wy­ny iki es­se art­dyr­mak ta­lap edil­ýär­di. My­sal üçin, 2009-njy ýyl­da ösen ýurt­lar 2020-nji ýy­la çen­li az gir­de­ji­li ýurt­la­ra kö­mek et­mek üçin ýyl­da 100 mil­liard dol­lar ber­me­gi wa­da ber­di­ler, em­ma he­ni­zem bu wa­da­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­di.
BMG-niň COP26 mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy ýurt­lar esa­san, glo­bal tem­pe­ra­tu­ra­ny 1,5 de­re­je Sel­si­ýa­da sak­la­mak mak­sa­dy bi­len ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň sarp edil­me­gi­niň gys­sag­ly azalt­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar. Sam­mi­tiň soň­ky gü­nün­de ho­wa şert­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň ka­da­la­ry we öňü­ni alyp bol­ma­jak ne­ti­je­le­re uý­gun­laş­mak üçin gu­tar­nyk­ly res­mi­na­ma­lar ka­bul edil­di.
– Gep­le­şik­ler­de hyz­mat­daş­lyk at­mos­fe­ra­sy hö­küm sür­di, ýö­ne köp mö­hüm me­se­le­ler he­ni­zem yla­la­şyl­ma­dy – di­ýip kon­fe­ren­si­ýa­nyň baş­ly­gy Alok Şar­ma aýt­dy.
BMG-niň baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş ta­rap­la­ryň wa­da­la­ry­nyň ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne ma­ýa go­ýum­la­ry­ny bes et­mez­den ama­la aşy­ry­lyp bi­lin­me­jek­di­gi­ni öňe sür­di.
– Biz he­ni­zem 2 gra­dus­dan ýo­ka­ry tem­pe­ra­tu­ra­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ma­gy­na ta­rap bar­ýa­rys, şo­nuň üçin öňü­miz­dä­ki on ýyl­da zy­ňyn­dy­la­ryň dur­nuk­ly we çalt azal­ma­gy­ny ga­zan­mak çyn­la­kaý me­se­le bo­lup dur­ýar – di­ýip, An­to­nio Gu­ter­reş bel­le­di.
Syn­çy­lar Glaz­go kon­fe­ren­si­ýa­syn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň ýe­ne-de bi­ri, Ir­lan­di­ýa, Fran­si­ýa, Da­ni­ýa we Kos­ta Ri­ka ýa­ly on bir ýur­t tarapyndan gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň ula­nyl­ma­gy­na çäklendirme girizmek boýunça bi­le­le­şi­giň dö­re­dil­me­gi bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Jem­leý­ji jar­na­ma­da Pa­riž şert­na­ma­sy­nyň esa­sy mak­sat­la­ryn­dan bi­ri – XXI asy­ryň ahy­ry­na çen­li glo­bal or­ta­ça ýyl­lyk tem­pe­ra­tu­ra­nyň 1,5 gra­du­sa çen­li ýo­kar­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin çyn­la­kaý çä­re gör­mek is­le­gi ba­ra­da­ky mad­da­dyr. Şeý­le-de bol­sa, yl­my jem­gy­ýe­tiň we­kil­le­ri­niň bel­leý­şi ýa­ly, sam­mit­de ber­len borç­lar kes­git­le­nen mak­sa­da ýet­mek üçin ýe­ter­lik däl.
BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň 27-nji mej­li­si gel­jek ýyl Mü­sü­riň Şarm el-Şeýh şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler. BMG-niň hä­zir­ki ho­wa mas­la­ha­ty 31-nji okt­ýabr­dan 12-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Şot­lan­di­ýa­nyň Glaz­go şä­he­rin­de ge­çi­ril­di.

In­di­ki mas­la­hat Mü­sür­de ge­çi­ri­ler
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň zy­ýan­ly ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş ba­ra­da­ky çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­nyň in­di­ki mas­la­ha­ty 2022-nji ýyl­da Mü­sür­de (COP27), 2023-nji ýyl­da bol­sa, BAE-de (COP28) ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da COP26 mas­la­ha­ty­na ýol­baş­çy­lyk eden Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­sy Alok Şar­ma mä­lim et­di.
«Se­bit to­par­la­ry­nyň, ýurt­lar ara­syn­da aý­law ýö­rel­ge­le­ri­ni ulan­ma­gy­ny do­wam et­dir­mek bi­len, COP27-ni ka­bul et­jek ýurt Af­ri­ka­dan, COP28-i ka­bul et­jek ýurt bol­sa Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­tin­den bol­ma­ly­dyr» diý­lip mas­la­ha­tyň mak­sat­na­ma­syn­da bel­le­nil­ýär. Şon­dan soň Mü­sü­riň we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň da­laş­gär­li­gi hö­dür­len­di. Bu ka­rar 11-nji no­ýabr­da tas­syk­lan­dy.